HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň howa gatnawlary artýar: gyş möwsümi üçin täze ugurlar

Oktýabr 27, 2025 | 17:25 |14385
“Türkmenistan” milli awiakompaniýasy gyş pasly üçin halkara uçuş tertibini giňeldýändigini yglan etdi.“Türkmenistan” milli awiakompaniýasy gyş pasly üçin halkara uçuş tertibini giňeldýändigini yglan etdi.
Çeşme: turkmenistanairlines.tm

“Türkmenistan” milli awiakompaniýasy gyş pasly üçin halkara uçuş tertibini giňeldýändigini yglan etdi. Täze tertip Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar hem-de dünýäniň 14 şäherine göni uçuşlary üpjün edýär.

Awiakompaniýa Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýa ugry boýunça uçuşlaryň sanyny artdyrdy, şol sanda Pekin (Hytaý), Seul (Günorta Koreýa), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam) we Kuala-Lumpur (Malaýziýa) ugurlaryny goşdy. Şeýle hem kompaniýa Günorta Aziýa bilen aragatnaşyklary Nýu-Deli (Hindistan) üsti bilen ösdürýär.

Şeýle-de, awiakompaniýa sebitiň maliýe we dini merkezleri bolan Dubaý we Abu-Dabi (Birleşen Arap Emirlikleri), şeýle hem Jidda (Saud Arabystany) ugry boýunça uçuşlaryny dowam etdirer. Ýewropa ugurlary üçin bolsa London (Beýik Britaniýa), Maýn boýnundaky Frankfurt (Germaniýa) we Milan (Italiýa) şäherlerine uçuşlar göz öňünde tutuldy. Esasy üstaşyr merkezler hökmünde Stambul (Türkiýe) we Kazan (Russiýa) galýar.

Ugruň giňeldilmegi Türkmenistanynyň ulag elýeterliligini ýokarlandyrmaga we işewür hem-de syýahatçylyk saparlary üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Uçuşlaryň doly tertibi we olaryň ýygylygy awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026