HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Google maglumat merkezlerini täze görnüşli “arassa” energiýa bilen üpjün edýär

Oktýabr 27, 2025 | 12:05 |13202
Google kompaniýasy Illinoýs ştatynyň golaýynda gurlup başlan täze gaz elektrik stansiýasy — Broadwing Energy Center bilen elektrik energiýasyny satyn almak boýunça korporatiw şertnamasyny baglaşdy.Google kompaniýasy Illinoýs ştatynyň golaýynda gurlup başlan täze gaz elektrik stansiýasy — Broadwing Energy Center bilen elektrik energiýasyny satyn almak boýunça korporatiw şertnamasyny baglaşdy.
Çeşme: Google

Google kompaniýasy Illinoýs ştatynyň golaýynda gurlup başlan täze gaz elektrik stansiýasy — Broadwing Energy Center bilen elektrik energiýasyny satyn almak boýunça korporatiw şertnamasyny baglaşdy. Kuwwaty 400 megawatt bolan bu desgada kömürturşy gazyny (CO₂) tutmak we saklamak boýunça ulgam (CCS) ornaşdyrylar, bu ulgam zyňyndylary takmynan 90% azaldyp biler.

Elektrik stansiýasy sebitdäki Google kompaniýasynyň maglumat merkezlerini energiýa bilen üpjün eder. Alynýan elektrik energiýasynyň we bugyň bir bölegi ýakynlykda ýerleşýän Archer Daniels Midland (ADM) kärhanasyna hem ugradylar.

Taslama Low Carbon Infrastructure kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. Elektrik stansiýasynyň we CCS ulgamynyň işe girizilmegi 2030-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär. Ýakyn ýerde eýýäm ýylsaýyn millionlarça tonna CO₂ saklanýan ADM-nyň uglerod ammary hereket edýär.

Broadwing Energy Center ABŞ-da kömürturşy gazyny tutmak we saklamak boýunça doly işleýän ulgama eýe bolan ilkinji täjirçilik gaz desgasy bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026