HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen we ukrain ýokary okuw mekdepleri atçylyk ugurynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýarlar

Oktýabr 26, 2025 | 23:45 |15078
Aba Annaew halkara atçylyk akademiýasy we Ukrainanyň Milli durmuş we çeşmeler uniwersiteti ylym, bilim we at ösdürip ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýalary boýunça Hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekdiAba Annaew halkara atçylyk akademiýasy we Ukrainanyň Milli durmuş we çeşmeler uniwersiteti ylym, bilim we at ösdürip ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýalary boýunça Hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekdi
Çeşme: ihba.edu.tm

Oktýabr aýynyň 24-ne Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy (Türkmenistan) bilen Ukrainanyň Biologik serişdeler we tebigatdan peýdalanmak milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama atçylyk ulgamyna degişli ylmy, bilim we innowasion tehnologiýalar babatynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny resmi taýdan berkidýär.

Gol çekişlik dabarasy wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa iki ýokary okuw mekdebiniň rektorlary — Pygy Baýramdurdyýew we Wadim Tkaçuk, şeýle hem degişli edaralaryň wekilleri we Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Taraplaryň wekilleriniň belläp geçişleri ýaly, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli we tapgyrlaýyn işleriň netijesinde emele geldi. Şol işleriň çäklerinde türkmen tarapy ukrain uniwersitetiniň tehniki binýady we okuw ugurlary, şol sanda işjeň hereket edýän Okuw-ylmy-önümçilik atçylyk barlaghanasy bilen tanyşdy.

Rektor Wadim Tkaçuk Ukrainanyň milli uniwersitetiniň netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur bolan ähli mümkinçiliklere — barlaghanalara we atçylyk toplumlaryna eýedigini belläp, türkmen kärdeşlerini hut özlerini sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Öz gezeginde, rektor Pygy Baýramdurdyýew Türkmenistanda atçylyk ulgamyny ösdürmek, meşhur ahalteke tohum atlarynyň arassalygyny gorap saklamak hem-de at sportyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli döwlet çäreleri barada aýtdy we ukrain kärdeşlerini Türkmen bedewiniň güni mynasybetli geçirilýän halkara sergilere hem-de ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar gol çekilen Ähtnamanyň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda ylym-bilim babatdaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we atçylyk ugrunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY — Türkmenistandaky Toyota kompaniýasynyň resmi dilerinden tomusky hyzmat aksiýasy

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY — Türkmenistandaky Toyota kompaniýasynyň resmi dilerinden tomusky hyzmat aksiýasy

23:06 Iýun 25, 2026