HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda iň gowy alabaý yglan edildi – bäsleşigiň ýeňijisi

Oktýabr 27, 2025 | 00:25 |15436
26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen Türkmen alabaýynyň baýramy dürli öwüşginli dabaralar bilen tapawutlandy26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen Türkmen alabaýynyň baýramy dürli öwüşginli dabaralar bilen tapawutlandy
Çeşme: turkmentv.gov.tm

26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen Türkmen alabaýynyň baýramy dürli öwüşginli dabaralar bilen tapawutlandy. Bu ýerde, amaly-haşam sungaty eserleriniň, halk senetçiliginiň, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde türkmen alabaýynyň keşbi aýratyn orny eýeledi.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem kinologlar we itşynaslar, daşary ýurtly wekiliýetle bar. Alabaýyň güjüjikleri serginiň janly eksponatyna öwrülip, özüniň dostlukly häsiýeti bilen ýygnananlaryň göwnüni göterdiler.

27102025-alabay-pobeditel(1).jpg

Dabaranyň iň esasy wakasy – “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginiň jeminiň jemlenilmegi boldy. Bäsleşik geçirilýän meýdança öwredilen endikleri we başarjaňlygy bilen deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan, ýurduň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Bäsleşige gatnaşýan alabaý itleri päsgelçilikli zolaklary mynasyp ýeňip geçdiler, Bu ýerde olaryň tizlik we dürslük görkezijilere, hüşgärlige baha berildi hem-de şeýle hem beýleki tapşyryklary ýerine ýetirildi.

27102025-alabay-pobeditel(2).jpg

Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy Orazmyrat Saparowdyr.

27102025-alabay-pobeditel(4).jpg

Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, bäsleşigiň göçme kubogy bilen sylaglanyldy. Itşynas zähmetine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak ugurdaky işleri mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

27102025-alabay-pobeditel(5).jpg

Ýeňiji bolan alabaý itlerini sylaglamak dabarasy bilen bir hatarda türkmen alabaýynyň daşky keşbini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri hem yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhammedowyň adyndan dürli ugurlaryň wekilleri: halyçylar özleriniň iň nepis halysy üçin, neşirýat we bezeg işgärleri - iň gowy neşir önümi üçin, teleoperatorlar – türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet üçin baýraklara eýe boldylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026