«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» – Rimde uly göwrümli arheologik sergi açyldy


Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Onuň açylyş dabarasy Rim şäheriniň Kapitoliý muzeýiniň meýdançasynda geçirildi. Döwlet Baştutanyny bu ýerde Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri mähirli garşylady. Dabara Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyşlary bilen başlady. Munuň özi bolsa giň gerimli medeni çäräniň başlangyjy boldy.
Roberto Gualtýeri dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, müňýyllyklaryň dowamynda Rimiň taryhynyň emele gelen ýeri — Kapitoliý baýrynda — Merkezi Aziýanyň baý medeni mirasyny Ýewropa siwilizasiýasynyň gözbaşy bilen birleşdirýän özboluşly köpri bolup hyzmat etjek serginiň açylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Sergi 2026-njy ýylyň 12-nji apreline çenli dowam eder.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde dabara gatnaşyjylary arheologik serginiň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, arheologik ýadygärliklerde ýüze çykarylan ajaýyp gadymy eserleriň nusgalarynyň bu sergide uly gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany türkmen-italýan dostlukly hyzmatdaşlygynda medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýändigini şeýle hem gadymy däp-dessurlar we netijeli ynsanperwer diplomatiýa arkaly üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Serginiň geçirilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylyna gabat geldi, bu bolsa döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, bu syýasat halklaryň arasyndaky dostlugy we parahatçylygy pugtalandyrmaga uly ýardam berýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan we häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýän türkmen-italýan arheologik hyzmatdaşlygy barada aýratyn bellenildi. Bu bilelikdäki tagallalaryň netijesinde medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi, olaryň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan sergide hem görkezilýär.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, sergi iki sany esasy siwilizasiýa merkezine ünsi jemleýär: gadymy Margianada we Parfiýa. Şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň taryhy ýerleri bilen bir hatarda «Gadymy Merw» döwlet goraghanasy (1999-njy ýylda), Nusaýyň Parfiýa galalary (2007-nji ýylda) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitinde ýerleşýän bürünç asyrynyň (b.e.ö III-II müňýyllyklar) siwilizasiýasy bolan gadymy Margiana Mesopotami we Gadymy Müsür bilen döwürdeş bolupdyrlar we söwda we medeni gatnaşyklary ösdüripdirler.
1970-nji ýyllarda rus arheology Wiktor Sarianidi tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri gadymy şäheriň, ybadathanalaryň we köşkleriň üstüni açdy. Iň möhüm ýadygärlik bolan Goňurdepe, özünde dini toplumlary bolan ajaýyp meýilleşdirilen şäherdir. Tutuş şäher we gidrotehniki ulgam sähralygy bagy-bossanlyga öwüren medeniýeti şöhlelendirdi, şol döwrüň iň öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerini ulanyp, Murgap derýasynyň suwuny akdyrdylar.
Bu ýerdäki ussahanalar we beýleki tapyndylar söwdany we däp-dessurlary dolandyrmaga ukyply çylşyrymly we köp derejeli jemgyýetiň bolandygyny açyp görkezýär.Margiana Eýrandan Hind derýasyna çenli medeniýetleriň täsirini görkezýär, kümüşden, bürünçden we daşdan ýasalan möhürler we beýleki zatlar bolsa Elam we Harappa medeniýetleri bilen aragatnaşykda bolandygyny görkezýär. Goňurdepeden tapylan zatlaryň arasynda altyndan we ýarym gymmat bahaly daşlardan ýasalan monjuklar aýratyn tapawutlanýar, olar ilkinji gezek Italiýadaky sergide görkezilýär: kaşaň we simwoliki güýji birleşdirýän zergärçilik sungatynyň ajaýyp eseri.
Antik döwre degişli döwlet bolan Parfiýanyň esasy ýadygärlikleriniň biri-de Türkmenistanyň günorata-merkezinde Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Nusaýdyr (b.e öňki II asyrdan b.e I asyry). Bu günki sergide onuň medeniýetine we sungatyna degişli bolan gymmatlyklar hödürlendi. Ol Gadymy dünýäniň taryhynda iň uzak dowam eden imperiýalaryň biri bolup, Rim bilen bäsdeşmäne ukyply bolupdyr.
Nusaý baýyrda ýerleşip we kyrk üç diň bilen berk diwarlar bilen gurşalypdyr. Olar bir wagtyň özünde ýaşaýyş jaýy, ybadat etmek üçin ýer we häkimiýetiň arhiwi bolup hyzmat edipdir: onuň çäginde şerap ammarlary, keramika bölekleriň ýüzünde administratiw resminamalar şeýle hem ýüzlerçe heýkeller we diwaranyň ýüzündäki şekiller tapyldy. Sergide Parfiýa hökümdarlarynyň kelle heýkeliniň bölegi, ruhanynalaryň we söweşijileriň toýundan ýasalan heýkeli we beýlekiler bar. Bu berk we ünsli ýüzler häkimiýetiň psihologiýasyny, tabyn etmäge, ýöne şol bir wagtyň özünde adamçylyga ymtylýan psihologiýasyny beýan edýär.
Olaryň gapdalyndaky ekspozisiýada – şirmaýydan ýasalan meşhur ritonlara aýratyn orun berlipdir — bu sungat eserleri bezegi hem-de nepisligi bilen göreni haýran galdyrýar. Olaryň ýüzünde grek mifologiýasyndan sahnalar, dürli gahrymanlaryň şekilleri Gündogar nagyşlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.
Nusaýyň ýazgyly daşlary – hatly keramiki bölekleri – çylşyrymly dolandyryş ulgamyny resmileşdirýär: harytlaryň sanawy, şerap, däne we metallaryň mukdary, guramaçylykly döwlete mahsus bolan serişdeleri gözegçilik etmek we gaýtadan paýlamak ulgamyny häsiýetlendirýär. Nusaý diňe bir dini merkez bolman, eýsem Ýefrat we Baktriýany Hytaýa çenli birleşdirýän ýollarda söwda merkezi bolupdyr. Onuň ýaşaýşa ukyplylygy Parfiýanyň durnuksyz imperiýa bolmakdan uzakda, Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky köpri, Rimiň hyzmatdaşy we ellinistik medeniýetiň asyl nusgasy bolandygyny görkezýär.
Mundan başga-da sergini synlamana gelenler şirmaýydan ýasalan tagt, kümüşden ýasalyp, altyn çaýylan heýkeljikler, Parfiýa şasy Mitridat II-niň kelle heýkeliniň bölegi, Rodogunanyň we Afroditanyň mermerden ýasalan heýkeli we beýlekileri görüp bilerler.
Sergi bürünç asyrynyň Margianasy bilen Ellinistik Parfiýanyň arasyndaky görünmeýän baglanyşygy görkezýär. Müňýyllyklardan gowrak wagt bäri aralyk bilen bölünen iki siwilizasiýa giňişlik we güýç barada umumy düşünjäni paýlaşýar: tebigata hökümiň sürmek, hökümdaryň mukaddesligi we däp-dessurlaryň merkezi orny.
Goňurdepäniň kanallary we Nusaýyň diňleri, altyn monjuklar we şirmaýydan ýasalan ritonlar ýeke-täk simwoliki genealogiýa – gözelligiň tertip-düzgün, tertip-düzgüniň bolsa hakykatyň bir görnüşi hökmünde kabul edilýän dünýä degişlidir. Kapitoliýniň zallarynyň gurluşy tomaşaçylary bu dowamlylyga ugrukdyrýar. Yşyklaryň egri şöhleleri ýüzleriň çeýeligini ýokarlandyrýar, kartografik paneller we üç ölçegli görnüşler oazisleriň asyl görnüşini suratlandyrýar we tematiki görkezmeler hekaýany geografik we ruhy syýahat hökmünde açyp görkezýär.
Iki ýüzden gowrak gadymy eserleriň nusgalarynyň ajaýyplygyndan başga-da, bu sergi Merkezi Aziýany gadymy taryhdaky mynasyp ýerine gaýtaryp getirýär: çetki sebitleri däl-de, giň medeni ulgamyň merkezini. Mesopotamiýa bilen Hindistanyň arasynda Türkmenistan siwilizasiýalaryň duşuşýan we özgerýän merkezi bolupdyr. Häzirki wagtda, bilelikdäki gözlegleriň netijesinde, bu gadymy topraklar ýene-de materiýanyň sesi bilen gürleşýär: bu ses adam bilen sähralygyň, sungat bilen zerurlygyň, ynanç bilen güýjüň arasyndaky gatnaşyk barada gürrüň berýär. Serhetleriň ýene-de bir gezek ýitip barýan döwründe Kapitoliý muzeýlerinde geçirilýän sergi bize has durnukly siwilizasiýalaryň gapma-garşylykdan däl-de, özara täsirden dörändigini ýatladýar.
...Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Aşgabat şäherinde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur italýan şahyry Dante Aligýeriniň ýadygärliginiň goýulmagy dostlukly gatnaşyklarda taryhy waka bolandygyny hem belläp geçdi.
Şeýle hem Serginiň açylyş dabarasynda muzeý hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen iki möhüm resminama: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Leonardo da Winçi adyndaky Fýumiçino Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Şeýlelikde, döwlet Baştutanynyň Italiýa resmi sapary tamamlandy. Bu amala aşyrylan sapar dostlukly türkmen-italýan gatnaşyklary üçin täze gözýetimleri açýar.
ORIENT








