HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň bäş esasy wakasy

Oktýabr 25, 2025 | 16:00 |14123
Geçen hepde (18–24-nji oktýabr) Hytaýda bolan esasy wakalar uzak möhletleýin ykdysady meýilleşdirmä, halkara söwda diplomatiýasyna we düýpli infrastruktura taslamalaryna gönükdirildiGeçen hepde (18–24-nji oktýabr) Hytaýda bolan esasy wakalar uzak möhletleýin ykdysady meýilleşdirmä, halkara söwda diplomatiýasyna we düýpli infrastruktura taslamalaryna gönükdirildi
Çeşme: substack.com

Geçen hepde (18–24-nji oktýabr) Hytaýda bolan esasy wakalar uzak möhletleýin ykdysady meýilleşdirmä, halkara söwda diplomatiýasyna we düýpli infrastruktura taslamalaryna gönükdirildi. Esasy netijäniň biri – täze bäşýyllyk meýilnama boýunça teklipleriň kabul edilmegi boldy.

1. HKP-nyň plenumy 2026–2030-njy ýyllar üçin ugry kesgitledi

Hytaý Kommunistik Partiýasynyň (HKP) Merkezi Komiteti öz dördünji plenumyny geçirdi we 15-nji bäşýyllyk meýilnama (2026–2030-njy ýyllar) boýunça teklipleri kabul etdi. Kabul edilen beýanatda iň köp agzalýan ileri tutulýan ugurlar ýokary hilli ösüş, ylym we tehnologiýa, innowasiýalar hem-de ilatyň abadançylygydyr.

2. Malaýziýada ABŞ bilen söwda gepleşikleri

Söwda dartgynlygy ýagdaýynda Hytaý we ABŞ 24–27-nji oktýabr aralygynda Malaýziýada täze ýokary derejeli söwda-ykdysady geňeşmeleri geçirýär. Bu gepleşikler 10-njy noýabrda söwda arakesmesiniň möhleti gutarmaka meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmaga gönükdirilendir.

3. ÝB bilen ýarym geçirijiler boýunça dialog

Şu hepde Hytaýyň we Niderlandlaryň söwda ministrleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik bolup geçdi. Gepleşikde Nexperia ýarym geçiriji öndürijisi bilen bagly ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Hytaý we Ýewropa Bileleşigi eksport gözegçiligi boýunça dialog guralynyň çäklerinde Brýusselde giňeldilen duşuşygy geçirmegi ylalaşdylar.

4. Arktika ekspressiniň işe girizilmegi

Hytaýyň “Sea Legend Shipping” kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek Hytaý–Ýewropa ugry boýunça tomusky yzygiderli “Arktika ekspress” ýoluny 2026-njy ýyla çenli işe girizjekdigini habar berdi. Demirgazyk deňiz ýoly arkaly gatnaw 26 gün dowam eder, bu hem Suess kanaly arkaly adatça alnyp barylýan eltip bermek ugruň wagtyny ep-esli gysgaldar.

5. CR450 — dünýäde iň çalt demir ýol otlysy

Hytaýyň täze nesil ýokary tizlikli otlysy CR450 synaglarynda 453 km/sag tizlik bilen dünýä rekordyny goýdy. Bu taslama ýokary tizlikli demir ýollaryň dünýä standartlaryny täze derejä çykarmaga gönükdirilen esasy başlangyçlaryň biridir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026