HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan “Umydyň we parahatçylygyň sazy” ýaňlanar

Oktýabr 24, 2025 | 20:15 |15092
Türkmenistan, Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşy hökmünde, BMG-niň hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu halkara guramanyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň toplumyny geçirýär. Möhüm dabaralaryň biri 28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda bolarTürkmenistan, Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşy hökmünde, BMG-niň hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu halkara guramanyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň toplumyny geçirýär. Möhüm dabaralaryň biri 28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda bolar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan, Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşy hökmünde, BMG-niň hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu halkara guramanyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň toplumyny geçirýär. Möhüm dabaralaryň biri 28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda bolar. Bu çäre Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasynda duran parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüş ýaly umumy gymmatlyklary nygtamagy maksat edinýär.

Dabaraly agşam sagat 16:00-da “BMG-niň taryhy pursatlary” atly surat sergisiniň açylmagy bilen başlanar. Sergide Guramanyň sekiz onýyllygyň dowamynda geçiren esasy ösüş tapgyrlary şekillendiriler. Sagat 16:30-da bolsa “Umydyň we parahatçylygyň sazy” atly konsert başlanar. Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda meşhur sungat ussatlary tarapyndan ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wasp edýän eserler ýerine ýetiriler.

Myhmanlaryň rahatlygy üçin simfoniki konsertiň giňişleýin meýilnamasy çäräniň bildirişinde ýerleşdirilen QR belgisi arkaly elýeterlidir.

Çäre hemmeler üçin açykdyr, giriş mugt. Paýtagtymyzyň ilaty we myhmanlary geljek üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bagyşlanan bu ähmiýetli çäräniň bir bölegi bolmaga çagyrylýar.

24102025-oon-80-let-kontsert-ashhabad (1).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026