HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen lukmanlary halkara lukmançylyk standartlary boýunça onlaýn okuwlara gatnaşdylar

Oktýabr 25, 2025 | 12:40 |14892
BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) tarapyndan Türkmenistanyň milli akuşer-ginekolog lukmanlary üçin 2021–2025-nji ýyllar üçin Ýurt Maksatnamasynyň çäklerinde onlaýn okuwlar geçirildi.BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) tarapyndan Türkmenistanyň milli akuşer-ginekolog lukmanlary üçin 2021–2025-nji ýyllar üçin Ýurt Maksatnamasynyň çäklerinde onlaýn okuwlar geçirildi.
Çeşme: ÝUNFPA

BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) tarapyndan Türkmenistanyň milli akuşer-ginekolog lukmanlary üçin 2021–2025-nji ýyllar üçin Ýurt Maksatnamasynyň çäklerinde onlaýn okuwlar geçirildi.

21–23-nji oktýabr aralygynda geçirilen bu okuwlaryň maksady akuşerçilik we ginekologiýa boýunça kliniki teswirnamalary täzeläp, ulanmak boýunça milli mümkinçilikleri artdyrmakdan ybarat boldy. Okuwy Moldowanyň Döwlet lukmançylyk we farmasiýa uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň dosenti, ÝUNFPA-nyň halkara geňeşçisi Stelian Hodorogea alyp bardy.

Üç günlük okuw döwründe lukmanlar göwrelilik we dogum işlerini alyp barmagyň ylmy esaslandyrylan usullaryny öwrendiler. Göwreliligiň möhletini kesgitlemek, patologiýaly ýagdaýlary anyklamak, gaýtalanýan çaga düşmelere garşy çäreler hem-de progesteronyň täsirliligi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dogumdan soňky gan akmalary bejermek, infuzion-transfuzion bejergi, çaga ösüşiniň çäklendirilmeginiň öňüni almak we skrining geçirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Hodorogeanyň saparynyň çäklerinde 22-nji we 24-nji sentýabrda milli hünärmenler bilen iki sany onlaýn duşuşyk hem geçirilip, häzirki tapgyrdaky wezipeler hem-de kliniki teswirnamalary täzeläp işläp taýýarlamalary utgaşdyrmak boýunça maslahat geçirildi.

Bu çäre ÝUNFPA-nyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde amala aşyryldy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge, ene we çaga ölüm derejesini azaltmaga gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026