HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilim diplomatiýasy | Türkmenistanyň ÝOM-nde geçiriljek halkara olimpiadalaryň we maslahatlaryň tertibi

Oktýabr 23, 2025 | 23:35 |14663
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhammedow noýabr-dekabr aýlarynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek internet olimpiadalarynyň, bäsleşikleriniň we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň maksatnamasyny tassykladyMinistrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhammedow noýabr-dekabr aýlarynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek internet olimpiadalarynyň, bäsleşikleriniň we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň maksatnamasyny tassyklady
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan sanly ulgam arkaly hem-de utgaşykly görnüşleri ulanmak arkaly bilim hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhammedow noýabr-dekabr aýlarynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek internet olimpiadalarynyň, bäsleşikleriniň we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň maksatnamasyny tassyklady. Meýilleşdirilen çäreler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna” laýyklykda guralýan çärä diňe bir Türkmenistandan däl, eýsem dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň we halkara guramalarynyň wekilleri hem gatnaşmagy göz öňünde tutulan.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berýär.

Noýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara çäreler:

Ykdysadyýet we maliýe

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty: “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de maliýe dersi boýunça II açyk halkara olimpiadasy.

Türkmen döwlet maliýe instituty: “Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary” dersi boýunça II açyk halkara olimpiadasy.

Inženerçilik we energetika tehnologiýalary

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti: “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty: “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty.

Agrosenagat toplumy we ekologiýa

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti: “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy.

Türkmen oba hojalyk instituty: “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi.

Lukmançylyk, ynsanperwer ylymlary we medeniýet

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti: Biologiýa dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty: Fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasy.

Türkmen döwlet medeniýet instituty: “Ýaşyl Zemin — abadan durmuş” atly ýaş fotožurnalistleriň halkara döredijilik bäsleşigi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy: “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni” atly halkara internet olimpiadasy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026