HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astarhanda «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşugy» BMG-niň Modeli atly çäre geçirildi

Oktýabr 24, 2025 | 20:35 |15387
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Astrahan şäherindäki general-admiral F.M. Apraksiniň adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşugy» atly BMG-niň Modeli geçirildi.2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Astrahan şäherindäki general-admiral F.M. Apraksiniň adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşugy» atly BMG-niň Modeli geçirildi.
Çeşme: Consulate of Turkmenistan in the Russian Federation (Astrakhan)

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Astrahan şäherindäki general-admiral F.M. Apraksiniň adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşugy» atly BMG-niň Modeli geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan şäheri) guramagynda Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de general-admiral F.M. Apraksiniň adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň goldaw bermeginde geçirildi. Duşuşyk «Hazar — Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky köpri» atly tema bagyşlanyldy.

Çäräniň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar sebit ösüşiniň geljegi baradaky soraglary ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da ulag-logistika mümkinçiliklerine, ekologiýa howpsuzlygyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berdiler. BMG-niň Modelinde talyp ýaşlar özleriniň işjeňliklerini görkezdiler.

24102025-turkmenistan-astrakhan-model-oon-kaspiy (1).jpeg

Duşuşygyň çäginde Astrahan şäherindäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň» agza ýurtlarynyň resmi wekilleriniň wezipesinde çykyş etdiler. Ýaş diplomatlar halkara gatnaşyklary babatynda öz bilimlerini we başarnyklaryny tejribede görkezmek arkaly wekil bolan döwletleriniň garaýyşlaryny beýan etdiler.

24102025-turkmenistan-astrakhan-model-oon-kaspiy (2).jpeg

Mundan başga-da BMG-niň Modeline Eýran Yslam Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Baş konsullary, Astrahan oblastynyň Hökümetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar hem-de öz ýurtlaryna wekilçilik etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026