HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşyda halkara deňiz konwensiýalary boýunça IMO we IHO sebitleýin okuw maslahaty geçiriler

Oktýabr 24, 2025 | 00:50 |14820
Deňiz-derýa ulaglary pudagyny işjeň ösdürýän Türkmenistan, Türkmenbaşy deňiz port şäherinde iri halkara çäräniň geçirilmegi boýunça meýilnamany tassykladyDeňiz-derýa ulaglary pudagyny işjeň ösdürýän Türkmenistan, Türkmenbaşy deňiz port şäherinde iri halkara çäräniň geçirilmegi boýunça meýilnamany tassyklady
Çeşme: orient.tm

Deňiz-derýa ulaglary pudagyny işjeň ösdürýän Türkmenistan, Türkmenbaşy deňiz port şäherinde iri halkara çäräniň geçirilmegi boýunça meýilnamany tassyklady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Deňiz Guramasy (IMO) hem-de Halkara Gidrografik Guramasy (IHO) bilen bilelikde guraljak sebitleýin okuw maslahatyny geçirmegiň teklibini makullady.

Halkara derejesindäki hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada wise-premýer Mämmethan Çakyýew hasabat berdi.

Okuw maslahatyň baş maksady — IMO-nyň halkara konwensiýalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we deňizçileriň bu ugurdaky hünär bilim derejesini ýokarlandyrmakdyr. Iki esasy halkara guramanyň gatnaşmagy Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň dünýäniň logistika standartlaryna doly integrirlenmegine bolan ymtylyşyny görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň deňiz söwda flotunyň işini kämilleşdirmek we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan netijeli işleri belläp, okuw maslahatyň ýokary derejede guralmagy üçin wise-premýere degişli işleri geçirmek tabşyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026