HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe Ýewropada polat öndürilişi boýunça birinji orunda

Oktýabr 24, 2025 | 11:50 |14886
Türkiýe dünýäde polat öndürilişi boýunça ýedinji orny, Ýewropada bolsa birinji orny eýeläp, dünýä metallurgiýa pudagyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy.Türkiýe dünýäde polat öndürilişi boýunça ýedinji orny, Ýewropada bolsa birinji orny eýeläp, dünýä metallurgiýa pudagyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy.
Çeşme: aa.com.tr

Türkiýe dünýäde polat öndürilişi boýunça ýedinji orny, Ýewropada bolsa birinji orny eýeläp, dünýä metallurgiýa pudagyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy. Bu barada Türkiýäniň Polat öndürijiler birleşiginiň (TÇÜD) baş sekretary Weýsel Ýaýan habar berdi.

Birleşigiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkiýe 36,9 million tonna polat öndürdi we 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynyň netijesinde dünýä reýtinginde sekizinji ýerden ýedinjä galdy. Türkiýäniň polady 180-den gowrak ýurda eksport edilýär, bu pudak bolsa durnuklylygy, uýgunlaşma ukyby we ýokary hilli önümleri bilen tanalýar.

1

2024-nji ýylda Türkiýe 36,9 million tonna polat öndürdi we 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynyň netijesinde dünýä reýtinginde sekizinji ýerden ýedinjä galdy.

Dünýä Polat Birleşiginiň statistikasyna laýyklykda, iň uly polat öndüriji ýurt entegem Hytaý bolup galýar — 1 milliard tonnadan gowrak önüm bilen, bu bolsa dünýä önümçiliginiň ýarysyndan hem köpdir. Ondan soňra Hindistan (149 mln tonna), Ýaponiýa (84 mln tonna), ABŞ (79,5 mln tonna), Russiýa (71 mln tonna), Günorta Koreýa (63,6 mln tonna), Türkiýe (36,9 mln tonna), Germaniýa (37,2 mln tonna), Braziliýa (33,8 mln tonna) we Eýran (31,4 mln tonna) gelýär. Dünýäniň polat öndürilişiniň takmynan 85%-i u on sany ýurda degişlidir.

Ýaýan Hytaýyň üstünliginiň dünýä bazaryny ýurduň içindäki üýtgeşmelere duýgur edýändigini belläp geçdi: hatda içerki sarp edilişiň 1% peselmegi eksportyň 10 million tonna çenli artmagyna sebäp bolýar, bu bolsa dünýä bäsdeşligini güýçlendirýär.

Ol ABŞ-da gümrük paçlarynyň ýokarlandyrylmagy we Ýewropa Bileleşiginde polat importyna goýlan kwotalaryň 47% azaldylmagy ýaly täze gorag çäreleriniň türkiýeli öndürijileriň daşarky bazarlara çykmagyny kynlaşdyrýandygyny belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026