HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft WinRE-de USB enjamlarynyň işini dikeltdi

Oktýabr 23, 2025 | 16:40 |13540
Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamyndaky möhüm näsazlyga çalt jogap berip, Windows dikeldiş gurşawynda (WinRE) USB syçanjyklaryň we USB klawiaturalaryň işleýşini dikeldýän meýilnamadan daşary (OOB) täzelenmäni çykardyMicrosoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamyndaky möhüm näsazlyga çalt jogap berip, Windows dikeldiş gurşawynda (WinRE) USB syçanjyklaryň we USB klawiaturalaryň işleýşini dikeldýän meýilnamadan daşary (OOB) täzelenmäni çykardy
Çeşme: Unsplash

Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamyndaky möhüm näsazlyga çalt jogap berip, Windows dikeldiş gurşawynda (WinRE) USB syçanjyklaryň we USB klawiaturalaryň işleýşini dikeldýän meýilnamadan daşary (OOB) täzelenmäni çykardy. 14-nji oktýabrda goýberilen adaty täzelenmeden soň ýüze çykan bu mesele ulgamyň häzirki wersiýalaryny — 24H2 we 25H2 — öz içine aldy we ulanyjylaryň aglaba bölegini ulgamy dikeltmek mümkinçiliklerinden mahrum etdi.

Windows dikeldiş gurşawy (WinRE) ulgamyň diagnostikasy, näsazlyklary aradan aýyrmak we öňki ýagdaýyna gaýtarmak üçin möhüm gural bolup durýar. Bu gurşawda esasy giriş enjamlarynyň — USB klawiatura we syçanjygyň — işlemeýän ýagdaýy kompýuteriň agyr ýalňyşlyklardan soň dikeldilmegini howp astyna salýardy.

Bu howpy aradan aýyrmak üçin KB5070773 belgili gyssagly (out-of-band, OOB) täzelenme çykaryldy. The Verge neşiriniň maglumatyna görä, kompaniýa bu düzedişi bir hepdeden hem az wagtda taýýarlap, ulanyjylara ýetirdi. Täzelenme WinRE-de USB enjamlarynyň doly işleýşini dikeltdi.

Meýilnamadan daşary täzelenmeleriň çykarylmagy Microsoft üçin adaty ýagdaý däl, ol diňe gyssagly ýagdaýlarda — möhüm näsazlyklar ýüze çykanda — ulanylýar. Windows 11 ulanyjylary üçin bu ýagdaý ulgam dikeldiş gurşawynyň ygtybarly işlemeginiň üpjün edilendigini aňladýar. Eger siz Windows 11-iň 24H2 ýa-da 25H2 wersiýasyny ulanýan bolsaňyz, mümkin bolan dikeldiş meselelerinden gaça durmak üçin KB5070773 täzelenmesiniň gurlandygyny anyklaň.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026