HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Innowasiýalar, akylly tilsimatlar we häzirki zaman ulag düzüminde öňdebaryjy tejribeler bir meýdançada

Oktýabr 23, 2025 | 21:20 |15083
12–14-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.12–14-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

12–14-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.

Sebitiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky bu möhüm çärä Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa, Şwesariýa, Belgiýa, Fransiýa, Türkiýe, Ýaponiýa, Kipr, Ukraina, Azerbaýjan, Gazagystan, Owganystan ýaly ýurtlaryň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri, alymlary, bilermenleri we işewürleri gatnaşarlar.

Şol sanda, «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC) ýaly abraýly halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem «IBM», «D8 Corporation», «Juniper Networks», «Nokia», «Huawei», «Thales», «Eastwind», «Mitel Networks (Bulgaria) Ltd», «Promark Dijital Tehnolojilaer Ltd», «Mitsubishi Corporation», «Nextremum», «Alstom», «JandeNul NV Belgium», «SDC Kazakhstan LLP» ýaly dünýäniň kommunikasiýa ulgamynda möhüm orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde, «Sanly çözgüt - 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşigiň jemleri jemlener we bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. «Türkmenel—2025» halkara sergisi we ylmy maslahaty dünýäniň ýokary tehnologiýalar babatda tejribe we pikir alyşylýan meýdançasyna öwrüler.

http://www.ittcturkmenistan.com/

https://www.turkmentelecoms.com/

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026