HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan durnukly maýa goýumlaryny çekmek üçin BSG-niň täze standartlaryny ornaşdyrýar

Oktýabr 23, 2025 | 08:00 |14733
Aşgabatda seminar geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Bütindünýä Söwda Guramasynyň ösüş maksatly maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy (IFDA) boýunça zerurlyklary öwrenmäge we baha bermäge girişdilerAşgabatda seminar geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Bütindünýä Söwda Guramasynyň ösüş maksatly maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy (IFDA) boýunça zerurlyklary öwrenmäge we baha bermäge girişdiler
Çeşme: HSM

Aşgabatda seminar geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Bütindünýä Söwda Guramasynyň ösüş maksatly maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy (IFDA) boýunça zerurlyklary öwrenmäge we baha bermäge girişdiler.

Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan gurnaldy.

IFDA: “Ýaşyl” ykdysadyýet üçin täze standart

“IFDA” ylalaşygy – 2024-nji ýylyň fewral aýynda BSG-niň 120-den gowrak agzasy tarapyndan gol çekilen möhüm halkara guralydyr. Onuň esasy maksady – kadalaşdyrmagyň açyklygy, maýa goýum gurşawynyň öňünden çaklap boljaklygyny ýokarlandyrmak we administratiw amallary ýönekeýleşdirmek arkaly durnukly we ýokary hilli daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

ITC_TKM_Workshop >

Seminary HSM-niň halkara derejeli maslahatçysy, Pekin uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň Halkara ykdysady hukugy we syýasaty merkeziniň direktory, professor Mançzýao Çi alyp bardy. Onuň ýolbaşçylygynda 30-a golaý türkmen hünärmeni häzirki milli çäreleri seljerdiler we täze standartyň ýörelgelerine doly laýyk gelmek üçin zerur bolan ileri tutulýan ädimleri kesgitlediler.

“IFDA”-niň ýörelgelerine esaslanýan özgertmeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň daşary ýurt maýasy, şol sanda “ýaşyl” ykdysadyýet başlangyçlary üçin özüne çekijiligini ep-esli artdyrar. Bu bolsa, ýurduň ykdysady ösüşe we ählumumy söwda ulgamyna goşulyşmagyna ygrarlylygyna esaslanyp, halkara derejesinde eýeleýän ornuny berkitmek üçin şertleri döreder.

Taslama barada: Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy” atly HSM-niň taslamasy, kiçi we orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşi höweslendirmäge we mynasyp zähmeti üpjün etmäge gönükdirilendir.

ORIENT

<div class=

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026