HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TOPH taslamasy we bilim gatnaşyklary Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hindistanyň täze Ilçisiniň arasyndaky duşuşygyň üns merkezinde

Oktýabr 23, 2025 | 09:35 |14478
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy
Çeşme: Watan Habarlary

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçisi Bandaru Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany diplomaty bu wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hindistan bilen strategiki gatnaşyklary pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär.

Gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistan halkara energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek baradaky garaýşyny tassyklady.

TOPH we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we ähli gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermekde esasy orny nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini hem belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda hindi dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyny, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň birinde hindi diliniň okadylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklaryň ösmegi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we Türkmenistan we Hindistan halklarynyň ýakynlaşmagyna goşant goşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026