HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Bir saglyk” iş ýüzünde: Türkmenistan FAO hünärmenleri bilen brusellýoz keseline garşy goragy berkidýär

Oktýabr 22, 2025 | 19:00 |12699
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) tarapyndan guralan möhüm okuw türgenleşigi geçirilýärTürkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) tarapyndan guralan möhüm okuw türgenleşigi geçirilýär
Çeşme: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy

2025-nji ýylyň 20–24-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda brusellýoz keseline garşy öňüni alyş, anyklaýyş we gözegçilik meselelerine bagyşlanan okuw geçirilýär. Bu çäre FAO-nyň “Merkezi Aziýada pandemiýa taýýarlygy we jogap çäreleri” taslamasynyň çäginde guralyp, dürli ministrlikleriň wekillerini hem-de ýurdumyzyň weterinariýa we lukmançylyk gulluklarynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Bu okuw “Bir saglyk” atly sebitleýin konsepsiýanyň çäginde geçirilýär. Bu ugur weterinariýa we lukmançylyk gulluklarynyň tagallalaryny birleşdirip, brusellýoz keseline garşy öňüni alyş we gözegçilik çärelerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

1

Okuwy brusellýoz boýunça FAO-nyň öňdebaryjy halkara bilermenleri — Swetlana Bardenşteýn we Nadaw Galon alyp barýarlar. Olar kesel boýunça dünýäde we sebitde emele gelen ýagdaýlar baradaky maglumatlary paýlaşyp, haýwanlaryň anyklaýyş, gözegçilik we sanjym boýunça häzirki zaman çemeleşmelerini hödürleýärler.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň milli eksperti Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol haýwan saglygyny goramak boýunça maksatlaýyn döwlet syýasaty, şol sanda brusellýoze garşy gözegçiligi we monitoringi güýçlendirmek ugrunda alnyp barylýan ulgamlaýyn çäreler barada giňişleýin maglumat berdi.

Ünsüň esasy ugurlary şulardan ybarat:

• Barlaghana mümkinçiliklerini pugtalandyrmak.

• Epizootiki ýagdaý boýunça yzygiderli monitoring geçirmek.

• Weterinariýa hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak.

2

Bu okuw türgenleşiginiň geçirilmegi FAO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde möhüm ädimidir. Ol haýwanlardan adama geçýän ýokanç kesellere (zoonozlara) garşy öňüni alyş we gözegçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegine, şeýle hem ilatyň saglygyny goramak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça strategiki maksatlaryň ýerine ýetirilmegine hyzmat edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026