HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ABŞ: mekdebe çenli bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Oktýabr 22, 2025 | 18:20 |12830
Iş saparynyň çäklerinde Arkadag şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen Waýoming ştatyndaky Demirgazyk-Günbatar kollejiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk gazanyldyIş saparynyň çäklerinde Arkadag şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen Waýoming ştatyndaky Demirgazyk-Günbatar kollejiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk gazanyldy
Çeşme: education.gov.tm

18–28-nji oktýabr aralygynda türkmen wekiliýetiniň agzalary tejribe alyşmak we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ABŞ-da (Waýoming we Montana ştatlarynda) saparda boldylar. Esasy duşuşyk 20-nji oktýabrda Pauell şäherindäki Demirgazyk-Günbatar kollejinde (Northwest College) geçirildi.

Iş saparynyň çäklerinde Arkadag şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen Waýoming ştatyndaky Demirgazyk-Günbatar kollejiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk gazanyldy.

Taraplar kiçi ýaşly çagalaryň psihologiýasy hem-de iňlis dilini okatmagyň döwrebap usullary boýunça mugallymlaryň hünär derejesini we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

1

Bir ýylyň dowamynda amala aşyryljak aşakdaky çäreler barada ylalaşyldy:

• Onlaýn okuwlar: Psihologiýa, çagalar bilen döwrebap iş usullary we sanly tehnologiýalar arkaly iňlis dilini okatmak boýunça sekiz sany onlaýn sapak gurnamak.

• Bilelikdäki ylmy işler: Iň irki ýaşdaky çagalaryň psihologik ösüşi we daşary ýurt dillerini öwrenişi boýunça iki ýurduň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy-barlag işlerini geçirmek.

• Ikitaraplaýyn alyş-çalyş: Mugallymlar we talyplar üçin alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek. Bu maksatnamanyň çäginde hünär derejesini ýokarlandyran mugallymlaryň diňe öz okuw mekdeplerinde däl, eýsem Türkmenistanyň beýleki mugallymçylyk ýokary okuw mekdeplerinde hem gazanan tejribelerini paýlaşmagyna garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026