HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Starlink ulanyjylarynyň sany 7,6 milliona ýetdi we ol 150 ýurtda hyzmat edýär

Oktýabr 23, 2025 | 18:10 |20027
SpaceX kompaniýasyna degişli bolan Starlink hemra internet ulgamynyň ulanyjylarynyň sany 7,6 milliona ýetdi we onuň hyzmat meýdany barha giňeýär.SpaceX kompaniýasyna degişli bolan Starlink hemra internet ulgamynyň ulanyjylarynyň sany 7,6 milliona ýetdi we onuň hyzmat meýdany barha giňeýär.
Çeşme: Starlink

SpaceX kompaniýasyna degişli bolan Starlink hemra internet ulgamynyň ulanyjylarynyň sany 7,6 milliona ýetdi we onuň hyzmat meýdany barha giňeýär. Häzirki wagtda bu hyzmat dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda, sebitlerinde we çäklerinde resmi taýdan elýeterlidir.

Soňky maglumatlara görä, bu ulgam üçin 10 000-den gowrak hemra orbitada ýerleşdirildi. Starlink internet ulgamy dünýäniň iň uzak künjeklerinde-de ýokary tizlikli internet hyzmatyny üpjün edýär we SpaceX kompaniýasynyň geljekki kosmos taslamalaryny goldamakda ulanylýar.

19-nji oktýabrda SpaceX kompaniýasy iki sany täze rekord goýdy: Falcon 9 raketasy 28 sany Starlink hemrasyny, şol sanda ulgamdaky 10 000-nji enjamy hem orbitada ýerleşdirdi. Bu uçuş şu ýylyň dowamynda amala aşyrylan 132-nji uçuş boldy, bu bolsa 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen uçuşlaryň umumy sanyna deňdir.

Starlink taslamasy 2019-njy ýylda dünýä boýunça giň gerimli hemra internet ulgamyny döretmek maksady bilen işe girizildi. Şondan bäri SpaceX yzygiderli ýagdaýda täze hemralary uçuryp, dünýäde iň uly pes orbitada ýerleşýän aragatnaşyk hemralarynyň ulgamyny emele getirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026