HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda özbek dilini ösdürmek üçin emeli aň platformasy dörediler

Oktýabr 23, 2025 | 17:40 |16021
Özbegistanda sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly özbek dilini ösdürmek we giňden ornaşdyrmak boýunça çäreler tassyklandy.Özbegistanda sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly özbek dilini ösdürmek we giňden ornaşdyrmak boýunça çäreler tassyklandy.
Çeşme: CHIP

Özbegistanda sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly özbek dilini ösdürmek we giňden ornaşdyrmak boýunça çäreler tassyklandy. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli täze adalgalary ulgamlaşdyrmaga we sözlüklere elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berýän emeli aň elementleri bolan elektron platforma işe giriziler.

Bu maksatnama özbek diliniň ähli ugurlarda ulanylyşyny giňeltmäge, okatmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, dil arassalygyny saklamaga we onuň halkara derejesindäki ornuny berkitmäge gönükdirilendir. 2026-njy ýyldan başlap döwlet edaralarynda ruhy gymmatlyklar we döwlet dili meseleleri boýunça geňeşçiler wezipesi dörediler.

1

Bilim ministrligine täze nesil okuw kitaplaryny we multimediýa serişdelerini taýýarlamak tabşyryldy, Ylymlar akademiýasy bolsa «Özbegistanyň Milli Ensiklopediýasy» we «Ene dili» atly köp jiltli ensiklopediýany taýýarlamaga borçly edildi.

Maksatnamanyň çäklerinde her ýyl özbek dili boýunça halkara maslahatlar, olimpiadalar we diktantlar geçiriler. Alyşir Nowaýy adyndaky olimpiadanyň ýeňijileri döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän grantlaryň çäginde kwotasyz ýokary okuw mekdeplerine girip bilerler.

Daşary ýurtlarda «Watandaşlar» gaznasynyň goldawy bilen özbek dilini öwrenmek merkezleri dörediler, Ýaşlar işleri baradaky agentlik bolsa «Ybrat perzentleri» taslamasynyň çäklerinde emeli aň esasynda okuw modulyny ornaşdyrar. Özbek dili döwlet dili bolup, ilatyň takmynan 85%-i bu dilde gepleýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026