Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý alymlary Älem barlaglary üçin has takyk çip işläp taýýarladylar

Oktýabr 22, 2025 | 17:15 |13407
Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary Älem barlaglarynyň usullaryny üýtgedip biljek RAFAEL atly täze nesil spektral çip döretdiler.Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary Älem barlaglarynyň usullaryny üýtgedip biljek RAFAEL atly täze nesil spektral çip döretdiler.
Çeşme: Sinhua

Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary Älem barlaglarynyň usullaryny üýtgedip biljek RAFAEL atly täze nesil spektral çip döretdiler.

RAFAEL çipi litiý niobat esasynda döredilip, Hytaýda «Ýuýhen» ady bilen tanalýar. Bu enjam adaty spektral enjamlarda ýüze çykýan esasy meseläni — takyklygyň we ýagtylyk geçirijiligiň arasynda bolup geçýän deňagramsyzlygy — üstünlikli çözdi. Çipiň duýujy datçigi ýokary takyklykda we geçirijilikde doly spektral maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Barlag synaglarynda RAFAEL diňe bir ekspozisiýa döwründe takmynan 5600 ýyldyzyň spektrini ýazga aldy, bu bolsa häzirki wagtda ulanylýan iň kämil astronomik spektrometrleriň netijeliliginden ýüz esse ýokarydyr.

Sinhua uniwersitetiniň professory, taslamanyň awtorlarynyň biri Fan Lu täze çipiň kiçi göwrümli we güýçli gurluşynyň astrofizika hem-de materialy öwreniş ugurlarynda ylmy barlaglar üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Alymlaryň bellemegine görä, «Ýuýhen» ady Uly Ýedigen ýyldyzlar toparynyň bäşinji ýyldyzynyň adyndan gelip çykýar. Gadymy hytaý astronomlary ony asman hereketleriniň kalibrirlenmegi üçin ulanýardylar. Bu at takyklygyň we utgaşmagyň nyşany hökmünde saýlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026