HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

EA jogapkärçiligi aradan aýyrman žurnalistikany üýtgedýär - Aşgabatda geçirilýän okuwlaryň temasy

Oktýabr 23, 2025 | 07:00 |14352
Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen ýaş media hünärmenleri üçin üç günlük workşop geçirilýär. Çäräniň esasy maksady – media sowatlylygy ýokarlandyrmakdan, tankydy pikirlenmäni ösdürmekden we redaksiýa işinde emeli aň (EA) gurallaryny öwrenmekden ybaratdyrAşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen ýaş media hünärmenleri üçin üç günlük workşop geçirilýär. Çäräniň esasy maksady – media sowatlylygy ýokarlandyrmakdan, tankydy pikirlenmäni ösdürmekden we redaksiýa işinde emeli aň (EA) gurallaryny öwrenmekden ybaratdyr
Çeşme: Seýli ARYŞOW

Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen ýaş media hünärmenleri üçin üç günlük workşop geçirilýär. Çäräniň esasy maksady – media sowatlylygy ýokarlandyrmakdan, tankydy pikirlenmäni ösdürmekden we redaksiýa işinde emeli aň (EA) gurallaryny öwrenmekden ybaratdyr.

Gatnaşýanlaryň arasynda ýaş žurnalistler we talyplar bolup, olar mobil žurnalistikanyň esaslaryny, şol sanda surata we wideo düşürmek hem-de montaž etmek tejribelerini jikme-jik öwrenýärler. Wagtyň uly bölegi tankydy pikirlenmä, storytelling usullaryna we maglumatlaryň barlagy (fact-checking) endiklerine bagyşlanyp, bu hem wakalary obýektiw we ýokary hilli beýan etmegiň esasy hasaplanýar.

Gazagystanly media-ekspert Marat Sadykow häzirki döwrüň hünärmenine degişli üç esasy endigi belläp geçdi: obýektiwlik – alynýan islendik maglumata bitarap we adalatly çemeleşmek, onuň dogrulygyny barlamak ukyby; materialy gurluşlandyrmak – iş prosesini logiki esasda guramak, interwýuny öňünden meýilleşdirmek we materialy žanr talaplaryna hem-de diňleýji isleglerine laýyklykda düzmek; tehnologik taýýarlyk – häzirki zaman gurallaryny, şol sanda emeli aňy oňat derejede ulanmagy başarmak.

23102025-media-ai-vorkshop-es (2).jpeg

Jenap Sadykowyň belleýşi ýaly, emeli aňyň žurnalistiň işine integrasiýasy zerurdyr, emma bu prosese kämil we jogapkärçilikli çemeleşmek talap edilýär.

«EA – žurnalistiň ýerini tutýan däl-de, kömekçi guraly bolmalydyr. Onuň wezipesi – işi ýeňilleşdirmek: interwýulary awtomatiki transkribe etmek, uly maglumat toplumlaryny seljermek ýa-da materialyň garalama görnüşini teklip etmek. Emma EA hiç haçan žurnalistiň ýerine karar kabul etmeli däl – aýratyn-da, tankydy baha bermekde ýa-da etiki meselelerde», – diýip, ekspert belledi.

Diýmek, tehnologik taýýarlyk – emeli aňy gözýetimsyz ulanmak däl-de, ony işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ornaşdyryp, žurnalist etikasyny we jogapkärçiligini saklamakdyr.

Marat Sadykow Ýewropa Bileleşigine şeýle başlangyçlary goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň pikiriçe, şeýle okuwlar sebitdäki hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrýar we media sowatlylyk standartlarynyň utgaşmagyna ýardam berýär.

Ekspert Aşgabadyň özboluşly hünär taýdan we dostlukly gurşawyny, täsirli binagärligini we myhmansöýer ilatyny aýratyn belledi. Munuň ýaly şertler halkara bilim maksatnamalaryny geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Geçirilen okuwlar diňe bir amaly gurallary hödürlemän, eýsem, hünäriň strategik ugurlaryny hem görkezdi. Esasy netije şundan ybarat: sanly eýýamda häzirki zaman žurnalisti emeli aňy ýer tutýan däl-de, öndürijiligi ýokarlandyrýan güýçli gural hökmünde görmeli. Tehnologik ösüş bolsa, hünäriň esasy ýörelgeleri – obýektiwlik we maglumat barlagy bilen gözegçilikde saklanmalydyr.

Şunuň ýaly başlangyçlar sanly eýýamyň çylşyrymly şertlerinde iş alyp barmaga taýýar täze nesil media hünärmenlerini kemala getirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Enejan KEPBANOWA

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026