HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Le.Travel syýahatçylyk agentligi noýabr aýynda Fukuok adasyna syýahatçylyk toparlary barada yglan etdi

Oktýabr 22, 2025 | 22:05 |15274
Le.Travel syýahatçylyk agentligi Wýetnamyň Fukuok adasyna niýetlenen noýabr aýy boýunça syýahatlar üçin toparlaryň ýazgysyny açandygyny mälim etdi. Syýahat 8 gün we 7 gije dowam edýär.Le.Travel syýahatçylyk agentligi Wýetnamyň Fukuok adasyna niýetlenen noýabr aýy boýunça syýahatlar üçin toparlaryň ýazgysyny açandygyny mälim etdi. Syýahat 8 gün we 7 gije dowam edýär.
Çeşme: vietnamstory.ru

Noýabr aýynyň başlanmagy bilen Fukuok adasynda dynç almak üçin iň oňat möwsüm başlanýar — mylaýym gün, dury deňiz suwy we ýumşak deňiz şemaly syýahatçylyk üçin iň amatly şertleri döredýär. Bu döwür adanyň täsin ýerlerinde suwa düşmek, gezelenç etmek we dynç almak üçin iň amatly wagt hasaplanýar.

Şunuň bilen baglylykda, Le.Travel syýahatçylyk agentligi Wýetnamyň Fukuok adasyna niýetlenen noýabr aýy boýunça syýahatlar üçin toparlaryň ýazgysyny açandygyny mälim etdi. Syýahat 8 gün we 7 gije dowam edýär.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, ýola çykmak üçin üç senä bellikler açyldy — 4–11-nji noýabr, 11–19-njy noýabr we 18–26-njy noýabr aralyklary. Syýahatyň maksatnamasyna ada barmak, rus dilinde gürleýän ýolbelet bilen howa menzilinden garşylanmak, myhmanhana çenli transfer hyzmaty we ähli zerur hyzmatlar girýär.

Syýahatyň ikinji güni gatnaşyjylar üçin Fukuok adasy boýunça gysga tanyşdyrylyş gezelenji meýilleşdirilip, onuň dowamynda syýahatçylar adanyň tebigy hem-de medeni ýadygärlikleri bilen tanşyp bilerler. Galan günler bolsa deňiz kenarynda dynç almak we ýerli tagamlary, milli däp-dessurlary özbaşdak öwrenmek üçin niýetlenendir.

Syýahatyň bahasyna girýän hyzmatlar:

Howa menzilinde rus dilinde gürleýän ýolbelet tarapyndan garşy alynmak;

Fukuok adasynda 7 gije ýaşamak;

toparlaýyn transfer we gezelençlerde ulag üpjünçiligi;

her gün ertirlik nahar;

ýarym günlük tanyşdyrylyş gezelenji;

Wýetnama elektron wiza resmileşdirmesi;

gije-gündiz müşderi goldaw hyzmaty.

Örän oýlanyşykly taýýarlanylan maksatnama we elýeterli baha syýahatçylara Wýetnamyň iň owadan adalarynyň birinde dynç almak we täze duýgulary başdan geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Agentligiň Aşgabatdaky ofisleriniň salgylary:

«Ak Altyn» işewürlik merkezi, 2-nji gat;

«Berkarar» söwda merkezi, 1-nji gat;

«Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi.

Lebap welaýaty boýunça:

Türkmenabat şäheri, «Lebap söwda merkezi».

Telefon belgisi: (+99363) 17-55-57

TikTok: @le._travel.tm

Instagram: @le.travel.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026