HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus alymlary emeli aň ulgamyna gadymy iýeroglifleri okamaga öwretdiler

Oktýabr 22, 2025 | 18:00 |14005
AIRI emeli aň institutynyň alymlary gadymy Müsür iýerogliflerini ýokary takyklyk bilen tanap, olary terjime edip bilýän aýratyn ulgam döretdiler. Bu bolsa alymlar we muzeýlere gelýän myhmanlar üçin giň mümkinçilikleri açýarAIRI emeli aň institutynyň alymlary gadymy Müsür iýerogliflerini ýokary takyklyk bilen tanap, olary terjime edip bilýän aýratyn ulgam döretdiler. Bu bolsa alymlar we muzeýlere gelýän myhmanlar üçin giň mümkinçilikleri açýar
Çeşme: Unsplash

AIRI Emeli Aň Institutynyň hem-de Ýokary Ykdysady Mekdebiň ylmy-barlag institutynyň dersara topary dünýäniň iň çylşyrymly dilleriniň biri bilen işlemek üçin öňdebaryjy tehnologiýany döretdi. Iýeroglifleriň tanalmagy örän kyn mesele bolup, ol diňe 30–40 harp däl-de, ýüzlerçe özboluşly nyşany dogry kesgitlemeli bolýar.

Emeli aň modeli üçin “Thesaurus Linguae Aegyptiae” atly giň maglumat binýady ulanyldy – bu gadymy müsür tekstleriniň we terjimeleriniň iň doly ýygyndysydyr.

Takyklygy ýokarlandyrmak üçin alymlar aşakdaky usullary ulandylar:

• Mazmun taýdan bagly OCR modelleri (optiki nyşanlary tanamak ulgamy).

• Difuzion modeller – olar tälim maglumatlaryny artdyrmak üçin hakyky şekillere meňzeş suratlary döretdiler. Alynan terjime netijeleri ilki awtomatiki ölçegler bilen barlanyp, soňra ýokary hünärli müsür öwrenijiler tarapyndan tassyklanyldy.

Taslamanyň maksatlarynyň biri — el ýazgy tekstleri tanamak boýunça täze tehnologiýalary döretmek bolup, bu maglumat ýetmezçiligi ýagdaýynda uly dil modellerini baýlaşdyrmak üçin örän möhümdir.

Gelejekde şeýle tehnologiýalar giňeldilen hakykat (AR) goşundylaryna ornaşdyrylyp bilner. Bu ýagdaýda muzeý myhmanlary diňe telefonlarynyň kamerasyny iýeroglifli eksponata gönükdirip, terjimäni birbada alyp bilerler. Mundan başga-da, bu ulgam müsür öwreniji hünäri boýunça okaýan talyplar üçin okuw prosesini ep-esli ýeňilleşdirer.

Ulgam gyzyklanma bildirýän hünärmenler üçin haýyşnama boýunça elýeterli bolup, şeýle hem bu usul boýunça ilkinji ylmy iş SIGGRAPH 2025 halkara maslahatynda hödürlenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026