HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan öýjükli aragatnaşyksyz jaň hyzmatyny ýola goýmaga taýýarlanýar

Oktýabr 21, 2025 | 18:00 |14219
2026-njy ýylda Gazagystanda Wi-Fi ulgamy arkaly sesli jaňlary amala aşyrmaga we kabul etmäge mümkinçilik berýän VoWiFi tehnologiýasyny giň möçberde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.2026-njy ýylda Gazagystanda Wi-Fi ulgamy arkaly sesli jaňlary amala aşyrmaga we kabul etmäge mümkinçilik berýän VoWiFi tehnologiýasyny giň möçberde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Çeşme: pixabay.com

2026-njy ýylda Gazagystanda Wi-Fi ulgamy arkaly sesli jaňlary amala aşyrmaga we kabul etmäge mümkinçilik berýän VoWiFi tehnologiýasyny giň möçberde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär diýip, aragatnaşyk operatorlarynyň wekilleri hökümet mejlisinde habar berdiler.

Bu tehnologiýa ýaşaýyş jaýlarynyň we ofis binalarynyň içinde öýjükli aragatnaşygyň signaly gowşak bolan ýerleri, ýagny şeýle diýilýän “ak nokatlary” aradan aýyrmaga gönükdirilendir. “Kar-Tel” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýewgeniý Nastradin bu tehnologiýanyň synag taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belläp, “Geljek ýylda bu tehnologiýa giňden elýeterli bolar” - diýip aýtdy.

Bazara gatnaşyjylarynyň maglumatlaryna görä, ilatyň 99 göteriminiň 4G aragatnaşygy bilen üpjün edilendigine garamazdan, signalyň durnuksyzlygy meselesi henizem bar. Munuň esasy sebäpleri hökmünde şäherlerde binalaryň gaty köp bolmagy we käbir binýatlyk stansiýalaryň sökülmegi görkezilýär.

VoWiFi tehnologiýasyny ornaşdyrmak, ýurduň sanly infrastrukturasyny ösdürmek hem-de aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreleriň bir bölegi hökmünde garalýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026