HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Malaý — Bagtyýarlyk» turbageçirijisi arkaly Hytaýa 3,77 milliard kub metr gaz iberildi

Oktýabr 21, 2025 | 17:25 |14386
Hytaý Halk Respublikasyna 3,77 milliard kub metr «gök ýangyjy» iberildi, bu bolsa meýilnama boýunça göz öňünde tutulan mukdardan 997,17 million kub metr köpdür, ýagny meýilnama 135% ýerine ýetirildi.Hytaý Halk Respublikasyna 3,77 milliard kub metr «gök ýangyjy» iberildi, bu bolsa meýilnama boýunça göz öňünde tutulan mukdardan 997,17 million kub metr köpdür, ýagny meýilnama 135% ýerine ýetirildi.
Çeşme: oilgas.gov.tm

Şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça «Malaý — Bagtyýarlyk» turbageçirijisi arkaly tebigy gaz eksporty rekord derejesine ýetdi we meýilleşdirilen görkezijilerden ep-esli ýokary boldy.

Hasabat döwründe Hytaý Halk Respublikasyna 3,77 milliard kub metr «gök ýangyjy» iberildi, bu bolsa meýilnama boýunça göz öňünde tutulan mukdardan 997,17 million kub metr köpdür, ýagny meýilnama 135% ýerine ýetirildi.

Bu görkezijiler diňe bir gaz pudagynyň üstünliklerini däl, eýsem ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny hem görkezýär.

Şeýle hem ýylyň başyndan bäri 22 791 tonna gaz kondensaty öndürilip, meýilnama 1 902 tonna, ýagny 109% artykmaç ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşi giň möçberli döwlet taslamalarynyň çäklerinde alnyp barylýar. Olaryň hatarynda täze guýularyň gazyp başlanmagy, hereket edýänleriniň täzeden dikeldilmegi hem-de täze gazgeçiriji ulgamlaryň gurluşygy bar. Bu başlangyçlar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ýardam berýär.

Lebap welaýatyndaky känleriň üstünlikli işledilmegi Türkmenistanyň energetika mümkinçilikleriniň artýandygyny görkezýär. Tebigy gazyň eksport möçberiniň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň dünýä energetika bazaryndaky ornuny berkidýär we onuň ynamdar hyzmatdaş hökmünde abraýyny tassyklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026