HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine amala aşyran saparynda Owganystana kömek, ekologik çäreler we beýleki temalar

Oktýabr 22, 2025 | 00:15 |14590
21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän täze desgalaryň şekil taslamalary tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän täze desgalaryň şekil taslamalary tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
Çeşme: Watan habarlary

21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän täze desgalaryň şekil taslamalary tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu iş sapary ekologiýa, ikinji tapgyryndaky infrastrukturany ösdürmäge we şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna bagyşlandy.

Iş maksatnamasy öňde boljak ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen başlandy. Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji gezek “akylly” Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň oturdylmagyny makullady.

Ahal welaýatynda telekeçi bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär bu bag nahallaryň saýlanmagy, ýokary çydamlydygy we sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagyny nygtady.

Gurluşyk meýdançalaryny gözden geçirişiň dowamynda, şäheriň ikinji tapgyryň gurluşygyndaky şekil taslamalary şol sanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň şeýle hem muzeýiň içki bezeg işleri hödürlendi.

22102025-arkadag-afganistan (1).jpg

Görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe degişli düzedişleri girizdi hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Şäheriň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynda ähli ugurlarda ulanylýan şol sanda senagat, söwda, binagärlik we bezeg, gurluşyk we ýol-ulag düzümine degişli desgalarda halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu reňleriň saýlanyp anylmagy bir nusga getirilmegini we berkligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu standart (RAL) howa we ultramelewşe şöhlelerine durnukly örtüklerde we boýaglarda ulanylýar. Gurluşyga şeýle halkara standartyň girizilmegi Arkadag şäheriniň tehnologiki we şähergurluşygynda dünýä tejribesini ornaşdyrmagy maksat edinýändigini görkezýär.

4.jpg

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini habar berdi. Türkmen halkynyň milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygyna bu babatda teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

“Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek maksadalaýyk bolar diýip – Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Türkmen hakynyň Milli Lideri şeýle edilse türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapjakdygyna ünsi çekdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026