HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Dragon Oil» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Said Al Taýýer Türkmenistana geldi

Oktýabr 21, 2025 | 10:30 |15153
«Dragon Oil» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Said Al Taýýer iş sapary bilen Türkmenistana geldi.«Dragon Oil» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Said Al Taýýer iş sapary bilen Türkmenistana geldi.
Çeşme: oilgas.gov.tm

«Dragon Oil» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Said Al Taýýer iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Onuň bu sapary kompaniýanyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna gabat geldi.

Said Al Taýýer ýurdumyzyň energetika pudagynyň möhüm çäreleriniň biri bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly 30-njy Halkara maslahata we sergisine gatnaşar.

Maslahatyň maksatnamasy energetika ulgamynda sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dünýäniň nebitgaz senagatyndaky häzirki zaman ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna çekmäge gönükdirilendir.

Ştab-kwartirasy Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) ýerleşýän «Dragon Oil» kompaniýasy sebitde öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň biridir we «Emirates National Oil Company» (ENOC) atly holdingiň düzümine girýär. Kompaniýanyň esasy iş ugurlary uglewodorod serişdelerini gözlemek, gazyp almak we eksport etmekdir. «Dragon Oil» kompaniýasy 1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri Türkmenistanda üstünlikli iş alyp baryp, Hazar deňzinde iri taslamalary amala aşyrýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026