HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Katar diplomatik hem-de bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Oktýabr 21, 2025 | 18:20 |13935
Şu gün Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M. Seýitmämedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Abdulaziz bin Mohammed Al-Horr bilen duşuşdy.Şu gün Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M. Seýitmämedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Abdulaziz bin Mohammed Al-Horr bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

Şu gün Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M. Seýitmämedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Abdulaziz bin Mohammed Al-Horr bilen duşuşdy.

1

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M. Seýitmämmedow we Katar Döwletiniň Daşary Işler Ministrliginiň Diplomatik Institutynyň müdiri Abdulaziz bin Mohammed Al-Horr.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň giň halkara seslenme döredendigini belläp, bu başlangyjyň ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatynda öňe sürülýän ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini nygtady.

2

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M. Seýitmämmedow we Katar Döwletiniň Daşary Işler Ministrliginiň Diplomatik Institutynyň müdiri Abdulaziz bin Mohammed Al-Horr.

Taraplar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreler barada pikir alyşdylar we geçirilen hem-de meýilleşdirilýän wakalar baradaky maglumatlary paýlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar Kataryň Diplomatik instituty bilen Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa institutynyň arasynda baglaşylan Ähtnamany durmuşa geçirmek boýunça 2025–2026-njy ýyllar üçin Hereketleriň ýol kartasynyň çäginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026