HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Demirgazyk-Günbatar kollejiniň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar

Oktýabr 21, 2025 | 17:50 |713
Türkmen wekiliýetiniň agzalary 20-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming ştatynyň Powell şäherinde ýerleşýän Demirgazyk-Günbatar kollejine (Northwest College) bardylar we bu kollejiň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylarTürkmen wekiliýetiniň agzalary 20-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming ştatynyň Powell şäherinde ýerleşýän Demirgazyk-Günbatar kollejine (Northwest College) bardylar we bu kollejiň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar
Çeşme: education.gov.tm

Türkmen wekiliýetiniň agzalary 20-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming ştatynyň Powell şäherinde ýerleşýän Demirgazyk-Günbatar kollejine (Northwest College) bardylar we bu kollejiň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Geçirilen gepleşigiň dowamynda taraplar North-West College bilen Indira Gandi adyndaky Așgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň arasynda (Türkmenistan) özara düșünișmek hakynda Ähtnama gol çekildi we taraplar geljekgi hyzmatdaşlygy alyp barmak boýunça Ýol kartasy esasynda bilelikde durmușa geçiriljek wezipeleri kesgitlemek we ýerine ýetirmek boýunça gepleșikleri geçirdiler.

Türkmen wekilýeti Northwest colleginiň aýry-aýry binalarynyň (sungat, ylym we matmatika, surata düşürmek, fitnes binalarynyň we kollejiň kitaphanasynyň) mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Soňra wekilýet Şepagatçylyk ugry boýunça hünärmenleri taýýarlaýan bölüme bardylar. Ol ýerde lukmançylyk ugrunyň täze elektron enjamlary (simuliasion labaratoriýalar, wirtual äýnekler) bilen talyplara gaýra goýulmasyz ÿagdaýda ýerine ýetirilmeli kömekleri bermek boýunça tejribe sapagy geçirilip görkezildi. Geljekde bilelikdäki hyzmatdașlygyñ çäklerinde simulation labaratoriýalary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek we okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak boýunça taraplar maslahatlaşdylar.

Soňra türkmen wekiliýeti kollejiň STEM we işewürlik ugurlary okadylýan binalaryna baryp gördiler we ol ýerleriň mümkinçilikleri bilen doly tanyşdylar.

1

Northwest Colleginde içgin öwredilýän kiçi ýaşly çagalaryň psihiki aýratynlyklary, çaga psihologiýasy we mekdebe çenli psihologiýanyň ylmy-barlag usullary barada, şeýle hem kollejiň professor-mugallymalarynyň iňlis dilini okadyş aýratynlyklary göz öňüne tutulyp, geljekde alnyp baryljak hyzmatdaşlygyň dowamynda meýilnamalaýyn ýerine ýetirilmeli şu aşakdaky işleri taraplar ara alyp maslahatlaşdylar.

  1. Psihologiýanyň, mekdebe çenli psihologiýanyň umumy meseleleri, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çaga çemeleşmegiň häzirkizaman usulyýeti, başlangyç synp okuwçylaryna we çagalar bagynyň körpelerine iňlis dilini sanly tehnologiýalaryň üsti bilen öwretmegiň usulyýeti hakynda onlaýn sapaklary guramak;

  2. Taraplaryň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda kiçi ýaşly çagalara daşary ýurt dillerini öwretmegiň psihologiki esaslary barada bilelikde ylmy işleri alyp barmak;

  3. Ikitaraplaýyn mugallymlary we talyplary alyşmak.

Ýylyň dowamynda gurnaljak seminarlar, alnyp baryljak ylmy işler we guraljak saparlar Northwest College we ýurdumyzyñ ýokary we orta hünär bilim edaralarynyň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we bilim beriliş hiliniň has hem kämilleşmegine ýardam berer. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýylyň dowamynda meýilnama boýunça hünärini kämilleşdiren mugallymlaryň diňe bir öz zähmet çekýän bilim edarasynda däl-de, ýurdumyzyň beýleki ýokary we orta hünär mekdeplerinde hem öwrenen tejribelerini paýlaşmagyna garaşylýar.

Gün teribinde göz öñünde tutulan duşuşyklaryñ we çäreleriñ ahyrynda Türkmenistanyñ Bilim ministriniñ orunbasarynyñ ýurdumyzyñ bilim ulgamyndaky alnyp barylýan ișleri we gazanylan üstünleri görkezýän we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniñ direktorynyñ akylly Arkadag şäheri baradaky çykyşlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026