HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Figure amerikan startupy Figure 03 gumanoid roboty tanyşdyrdy

Oktýabr 17, 2025 | 16:10 |15018
Amerikan tehnologik startupy Figure öz humanoid robotynyň täze neslini — Figure 03 — görkezdiAmerikan tehnologik startupy Figure öz humanoid robotynyň täze neslini — Figure 03 — görkezdi
Çeşme: hi-tech.mail.ru

Amerikan tehnologik startupy Figure öz humanoid robotynyň täze neslini — Figure 03 — görkezdi. Bu täze önüm, iri göwrümli önümçilik üçin niýetlenen, robototeknikany söwda taýdan giňeltmekde möhüm ädimdir. Figure 03-iň boýy takmynan 168 sm, agramy 60 kg.

Figure 03 birnäçe tehnologiýa täzelikleri bilen enjamlaşdyryldy, bu ony has işjeň we howpsuz edýär:

• Kämilleşdirilen “görüjilik”: Robotyň her eli giň burçly integrirlenen kameralar bilen üpjün edildi. Bu kamera ulgamy Helix emeli aň ulgamynyň, çäkli meýdanda esasy kameralardan signal ýitirilse-de, robotyň ugruny saklamaga mümkinçilik berýär.

• Uly duýgurlyk: Barmaklaryň uçlary has ýumşak we duýgur boldy. Integrirlenen sensorlar 3 gram takyklyk bilen basyşy duýup bilýär, bu bolsa zatlary ygtybarly saklamak we manipýulirlemek üçin möhümdir.

• Howpsuzlyk we tizlik: Robot sekuntda 1,2 m çenli tizlik bilen hereket edip bilýär. Korpus bölekleýin ýumşak köpürjik we mata bilen örtülip, öý şertlerinde howpsuzlygy ýokarlandyrýar we arassalamagy ýeňilleşdirýär.

Figure 03 kompaniýanyň iri göwrümli önümçilik üçin ýörite işläp taýýarlanan ilkinji robotydyr. Munuň üçin Figure üpjünçilik zynjyrlaryny optimizirledi we ýyllyk 12 müň enjam çykarmaga niýetlenen öz BotQ önümçilik ulgamyny işe girizdi. Robot şonuň bilen bir hatarda awtomatiki stansiýa bilen simsiz zarýad bermek mümkinçiliklerini hem goldaýar.

Kompaniýa Figure 03-iň bahasy we bazara çykarylyş wagty barada jikme-jik maglumat bermeýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026