HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Balkan welaýatynda şahyr Kerim Gurbannepesowyň 96 ýyllygy bellenildi

Oktýabr 17, 2025 | 15:00 |14823
Ýatdan çykmajak şahyr Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 96 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Balkan welaýatynda edebi döredijilik çäre geçirildiÝatdan çykmajak şahyr Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 96 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Balkan welaýatynda edebi döredijilik çäre geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Ýatdan çykmajak şahyr Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 96 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Balkan welaýatynda edebi döredijilik çäre geçirildi. «Halkyň söýgüli şahyry» atly çäre Magtymguly etrabynyň D. Öwlüýagulyýew adyndaky 13-nji orta mekdebiniň kitaphanasynda geçirildi.

Beýik söz ussatlary Kerim Gurbannepesow ýaly şahyrlar türkmen edebiýatynyň baý we belent ruhly hazynasyna uly goşant goşdy. Çäräniň maksady onuň ýagty hatyrasyny hormatlamak hem-de döredijiligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boldy.

Duşuşykda zehinli okuwçylar şahyryň birnäçe goşgusyny joşgun bilen labyzly okap berdiler. Mugallymlar bolsa Kerim Gurbannepesowyň ömrüniň we döredijiliginiň möhüm pursatlary, goşgularynyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Okuwçylar hem öz gezeginde şahyr barada berlen sowallara işjeň jogap berdiler.

Çäre milli gymmatlyklara, edebi mirasa hormat goýmagyň ähmiýetini nygtady, bu bolsa «Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň» ruhy taýdan aýrylmaz bölegidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026