Germaniýada Arkadag şäheriniň Lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler


Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerinde Arkadag şäheriniň Lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. Bu iri işewürlik çäresine görülýän taýýarlyk we onuň maksatnamasy barada 17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi.
Forumyň esasy maksady — Germaniýanyň işewürlik jemgyýetçiligini Türkmenistanyň ykdysady ösüş mümkinçilikleri hem-de esasy maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmekdir. Bu babatda işewür hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň gol çekilmegi meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda 30–31-nji oktýabr aralygynda geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň bazarynyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýän Germaniýanyň 50-den gowrak guramasy we kompaniýasy hasaba alyndy.
Ykdysadyýet günleriniň gün tertibi giň ugurlary öz içine alar. Olaryň hatarynda nebitgaz we himiýa pudaklarynda maýa goýum taslamalary, oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar, şeýle hem saglygy goraýyş we farmasewtika senagatynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň Lukmançylyk klasteriniň («Arkadag Medisina Klasteri Menejment») tanyşdyrylyşy bar.
Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerindäki çärelerde ykdysady pudaklaryň, bank edaralarynyň we Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
ORIENT








