HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BSGG bilen Türkmenistan dowamly dem alyş kesellerine garşy göreşi berkidýär

Oktýabr 19, 2025 | 11:50 |14994
Türkmenistanda dowamly dem alyş keselleriniň (astma we HOÖD – dowamly obstruktiw öýken keseli) anyklanyşynyň we bejerilişiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Tehniki missiýasy öz işini tamamladyTürkmenistanda dowamly dem alyş keselleriniň (astma we HOÖD – dowamly obstruktiw öýken keseli) anyklanyşynyň we bejerilişiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Tehniki missiýasy öz işini tamamlady
Çeşme: BSGG-nyň Türkmenistandaky Ýurt edarasy tarapyndan berlen

2025-nji ýylyň 10–15-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda Ýewropa sebit edarasynyň (ÝSE/BSGG) bilermenleriniň iş sapary geçirildi. Saparyň esasy maksady — dowamly dem alyş keselleriniň öňüni alyşynyň we bejerilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

BSGG-nyň bilermenleri ýerli hünärmenler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdiler. Missiýanyň esasy wezipesi — dowamly obstruktiw öýken keseli (HOÖD) we bronhial astma boýunça kliniki görkezmelerine täzeden garamak we olary häzirki zaman halkara standartlaryna doly laýyk getirmek boldy.

Missiýanyň çäklerinde näsag merkezli täze kliniki ýol kartalary taýýarlanyldy. Bu usul keselleriň dogry anyklanyşyny, bejerilişiniň hilini hem-de uzak möhletleýin gözegçilik işlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

1

BSGG-nyň hünärmenleri pulmonologiýa we allergologiýa boýunça intensiw okuw sapaklaryny geçirdiler. Okuwlar Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, şeýle hem Aşgabadyň we Türkmenabadyň (Lebap welaýaty) synag saglygy goraýyş edaralarynda geçirildi. Okuwlaryň maksady — ýerli hünärmenleriň dem alyş keselleri boýunça gözegçilik we hil dolandyryşy ukybyny ýokarlandyrmak boldy.

Missiýanyň işi milli iş toparynyň mejlisi bilen tamamlandy. Bu ýerde ýurdumyz boýunça üstünlikli tejribeleri giňeltmegiň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Şeýlelikde, BSGG-nyň Türkmenistan bilen ýokanç däl kesellere garşy göreşdäki goldawyny dowam etdirýändigine ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

BSGG bilen Türkmenistan dümew boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamyny berkidýärler

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026