HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow Malaýziýanyň we Ugandanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Oktýabr 17, 2025 | 19:30 |15408
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni, oktýabryň 17-sine, daşary ýurtly kärdeşleri - Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohammad bin Haji Hasan hem-de Ugandanyň daşary işler ministri Jeje Odongo bilen telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirdiTürkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni, oktýabryň 17-sine, daşary ýurtly kärdeşleri - Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohammad bin Haji Hasan hem-de Ugandanyň daşary işler ministri Jeje Odongo bilen telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni, oktýabryň 17-sine, daşary ýurtly kärdeşleri - Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohammad bin Haji Hasan hem-de Ugandanyň daşary işler ministri Jeje Odongo bilen telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirdi.

Iki söhbetdeşligiň esasy temasy şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Forumyna taýýarlyk meseleleri boldy.

Malaýziýanyň daşary işler ministri bilen geçirilen gürrüňdeşlikde Meredow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň döwrebap meseleleri barada maslahatlaşdy. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäginde hereketleriň utgaşdyrylmagy barada pikir alyşdylar.

Ugandanyň daşary işler ministri bilen geçirilen telefon söhbetdeşligi hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine bagyşlanyldy. Diplomatlar esasan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara derejedäki özara gatnaşyklaryň berkidilmegine üns berdiler.

Günorta-Gündogar Aziýa hem-de Afrika ýurtlarynyň hyzmatdaşlary bilen geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlarynyň giň halkara gyzyklanma döredýändigini görkezýär. Aşgabatda geçiriljek Parahatçylyk we Ynanyşmak Forumyna taýýarlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu forumyň bitaraplyk we konstruktiw dialog ýörelgelerini ilerletmekde möhüm halkara platforma hökmünde ähmiýetini tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026