HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sungatda milli buýsanjymyz: Aşgabatda «Türkmen alabaýy» atly sergisi açyldy

Oktýabr 16, 2025 | 18:00 |14933
Türkmen alabaýy — milli gymmatlygamyz, mertligiň we wepalylygyň nyşany bolup, dünýäde uly gyzyklanma döredýärTürkmen alabaýy — milli gymmatlygamyz, mertligiň we wepalylygyň nyşany bolup, dünýäde uly gyzyklanma döredýär
Çeşme: education.gov.tm

Türkmen alabaýy — milli gymmatlygamyz, mertligiň we wepalylygyň nyşany bolup, dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Bu möhüm milli gymmatlyga bagyşlanyp, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çäklerinde, oktýabr aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda tematik serginiň açylyş dabarasy boldy.

Sergide Akademiýanyň ussat mugallymlarynyň hem-de zehinli talyplarynyň ähli sungat ugurlaryny öz içine alýan işleri görkezildi. Suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, haly sungaty, keramika, zergärçilik, dizaýn we animasiýa eserlerinde öý ojagynyň gaýduwsyz goragçysy we wepaly dosty bolan alabaýyň keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär.

Sergide görkezilen eserler alabaýyň taryhy ähmiýetini aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň sahypalarynda onuň halkymyzyň wepaly goragçysy hökmünde ähmiýetine aýratyn üns berdi.

Alabaýyň keşbi gadymy taryhy köklere eýedir. Muny gadymy türkmen halylarynda ýerleşdirilen it şekilleri hem-de Altyndepeden tapylan terrakota heýkeljikleri tassyklaýar. Hatda «It yzy» atly gadymy nagyş hem-de IX–XIV asyrlara degişli Şahryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde tapylan aýak yzylary bu itiň gorag dogasy hökmünde hyzmat edendigini görkezýär.

Häzirki döwürde alabaýlar harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde möhüm orun eýeleýärler. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda edara merkezi ýerleşýän Halkara türkmen alabaýlary birleşigi döredildi. Şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026
Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

23:00 Sentýabr 18, 2026
Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

22:00 Sentýabr 18, 2026