HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kaşgarda Hytaýdan Türkmenistana çenli täze multimodal ýük gatnawy ýola goýuldy

Oktýabr 17, 2025 | 02:05 |17009
Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan täze multimodal ýük daşama ugruny ýola goydular. Açylyş dabarasy oktýabryň 15-ne Kaşgarda (Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebiti) geçirildi. Şol ýerden ýedi sany ýük awtoulagy Hytaýyň Gyrgyzystan bilen serhedine tarap ugradyHytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan täze multimodal ýük daşama ugruny ýola goydular. Açylyş dabarasy oktýabryň 15-ne Kaşgarda (Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebiti) geçirildi. Şol ýerden ýedi sany ýük awtoulagy Hytaýyň Gyrgyzystan bilen serhedine tarap ugrady
Çeşme: xjdaily.com

Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan täze multimodal ýük daşama ugruny ýola goydular. Açylyş dabarasy oktýabryň 15-ne Kaşgarda (Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebiti) geçirildi. Şol ýerden ýedi sany ýük awtoulagy Hytaýyň Gyrgyzystan bilen serhedine tarap ugrady.

Ýükleriň oktýabryň 21-ne Özbegistana, oktýabryň 24-ne bolsa Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Türkmenistandan ýükleriň bir bölegi Hazar deňzi arkaly Azerbaýjana ugradylar.

Bu, Hytaý–Ýewropa Hazarüsti demirgazyk-günorta geçelgesiniň günorta ugry boýunça synag taýdan amala aşyrylýan ilkinji gatnaw bolup durýar. Ol Şensi welaýatynyň Sian hem-de Syçuan welaýatynyň Çendu şäherlerinden başlanýan iki halkara multimodal ulag ugruny öz içine alýar.

17102025-kashgar-novyy-marshrut-perevozok-kitay-turkmenistan.png

Ýükler Gyrgyzystana awtoulag arkaly eltilip, şol ýerden demirýol arkaly kombinirlenen awtoulag-demirýol ulagyň kömegi bilen Türkmenbaşy portuna çenli daşalar. Soňra Hazar deňzinden geçip, Azerbaýjanyň Baku şäherine çenli ýetiriler.

Beýleki ugur bolsa ilkinji gezek Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Hytaýyň ulag serişdeleri arkaly göni ýük gatnawyny üpjün eder, onuň ahyrky nokady Aşgabat bolar. Ilkinji tapgyrda dürli elektron harytlary, mehaniki enjamlary we ş.m. daşalar diýip, Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň resmi neşiri Xinjiang Daily habar berýär.

Täze ugur Merkezi Aziýa – Hytaý we Hytaý – Ýewropa aralygyndaky ýük daşamalarynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de Orta geçelgäniň üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026