HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Pakistan medeni hyzmatdaşlyk boýunça maksatnama gol çeker

Oktýabr 15, 2025 | 15:00 |14055
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow şu gün, 15-nji oktýabrda, Pakistanyň Milli miras we medeniýet işleri boýunça ministri Aurangzeb Han Hiçi bilen duşuşdyTürkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow şu gün, 15-nji oktýabrda, Pakistanyň Milli miras we medeniýet işleri boýunça ministri Aurangzeb Han Hiçi bilen duşuşdy
Çeşme: app.com.pk

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow şu gün, 15-nji oktýabrda, Pakistanyň Milli miras we medeniýet işleri boýunça ministri Aurangzeb Han Hiçi bilen duşuşdy.

Ministr Pakistanyň hökümetiniň iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda 2026-njy ýyla çenli Medeni hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmäge taýýardygyny mälim edip, bu başlangyjyň "iki doganlyk ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklarynyň täze sahypasyny açjakdygyny" - belledi diýip, Associated Press of Pakistan habar berýär.

Ol söwda we işewürlik gatnaşyklary bilen bir hatarda medeni alyş-çalyşyga goldaw bermek arkaly halklaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmegiň zerurdygyny nygtady.

Ministr, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, ony sebit taýdan möhüm başlangyç hökmünde häsiýetlendirdi we medeniýet hem-de miras ulgamynda hem şuňa meňzeş hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine umyt bildirdi.

Ol, iki ýurduň arasyndaky uçuş wagtynyň iki sagatdan azdygyny belläp, göni howa gatnawlary arkaly syýahatçylygy we medeni alyş-çalyşygy ösdürmegiň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

"Pakistan 5000 ýyllyk baý medeni mirasyna eýedir, onuň düzüminde Gandhara, Harappa we Mohenjo-Daro medeniýetleri bar. Olar öwrenilmäge mynasypdyr" - diýip, ol belledi.

Ministr, Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda dürli däp-dessurlary we sungat görnüşlerini görkezmek üçin bilelikdäki medeni festiwallary gurnamagy teklip etdi.

Aurangzeb Han Hiçi Türkmenistany 2025-nji ýylyň 7–16-njy noýabry aralygynda Yslamabatdaky Lok Wirsa toplumynda geçiriljek uly "Lok Mela 2025" festiwalyna gatnaşmaga çagyrdy. Ilçi çakylygy kabul edip, Türkmen wekiliýetiniň bu çärä gatnaşjakdygyny tassyklady.

15102025-turkmenistan-pakistan-kulturnoe-sotrudnichestvo (1).jpg

Ministr Pakistanyň Milli Sungat Geňeşinde (PNCA) ýörite medeni agşamy geçirjekdiklerini aýtdy. Bu çäräniň dowamynda Pakistanyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän çykyşlar we sergiler guralar. Ol Türkmenistanyň ilçisini beýleki diplomatik wekiller bilen birlikde bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar öz ministrliklerinden utgaşdyryjylary bellemek arkaly özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň (Memorandum of Understanding) taýýarlaýyş işlerini tizleşdirmäge ylalaşdylar. Türkmenistanyň ilçisi medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde, şeýle hem ykdysady ösüşe itergi bermekde bilelikdäki medeni we döredijilik başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Pakistanyň Milli miras we medeniýet müdirliginiň sekretary Asad Rehman Gillani bolsa, golaýda gol çekiljek medeni hyzmatdaşlyk maksatnamasyny iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we özara gatnaşyklaryň täze döwrüniň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol, hödürlenýän ylalaşygyň sungat, edebiýat we medeni mirasy goramak ugurlarynda giň hyzmatdaşlyk arkaly özara düşünişmegi we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Maksatnama sungat işgärleriniň, ýazyjylaryň we medeni wekiliýetleriň alyş-çalyşyny, şeýle hem sergileri, maslahatlary we iki ýurduň umumy medeni mirasyna bagyşlanan bilelikdäki döredijilik çärelerini göz öňünde tutýar.

Hyzmatdaşlygyň çäginde edebi eserleriň terjimesi we neşir edilmegi, medeni seminarlary guramak, şeýle hem taraplaryň milli medeni festiwallaryna gatnaşmak ýaly çäreler hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, Pakistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge hyzmat eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026