HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenistan – BMG” Strategik maslahat beriş geňeşi 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna garady

Oktýabr 16, 2025 | 20:25 |14883
16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan – BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň we BMG-niň ýurtdaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşyk uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadyny goýdy16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan – BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň we BMG-niň ýurtdaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşyk uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadyny goýdy
Çeşme: mfa.gov.tm

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan – BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň we BMG-niň ýurtdaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşyk uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadyny goýdy.

Gün tertibiniň esasy meselesi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna garalmagy boldy. Bu resminama, Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek we ýurduň milli ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň ugurlaryny kesgitlär.

Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, BMG-niň edaralaryň Türkmenistanyň ösüşine goşýan uly goşandyny belledi.

16102025-turkmenistan-oon-novaya-programma (3).jpg

Geňeşiň dowamynda şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurduň ileri tutulýan garaýyşlary ählumumy meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar: parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ulag, sanly integrasiýa, ekologiýa, suw serişdeleri dolandyrmak, ýaşlar we ynsanperwer hyzmatdaşlyk.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleýji resminamalarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistandaky BMG-niň edaralarynyň wekilleri milli hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlaryndan gelip çykýan Türkmenistanyň halkara we sebit başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji resminamalarynyň netijeli ýerine ýetirilişine ýardam bermägiň zerurlygy bellendi.

16102025-turkmenistan-oon-novaya-programma (2).jpg

Geňeşiň mejlisi, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň arasynda bäş ýyllyk täze hyzmatdaşlygyň tapgyryny meýilleşdirmäge mümkinçilik berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026