HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly hünärmenler Buharada geçirilen ESG boýunça seminara gatnaşdylar

Oktýabr 16, 2025 | 11:20 |13291
Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hünärmenleri Özbegistanyň Buhara döwlet uniwersitetinde geçirilen ekologiýa, durmuş we korporatiw dolandyryş (ESG) boýunça halkara seminara gatnaşdylar.Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hünärmenleri Özbegistanyň Buhara döwlet uniwersitetinde geçirilen ekologiýa, durmuş we korporatiw dolandyryş (ESG) boýunça halkara seminara gatnaşdylar.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hünärmenleri Özbegistanyň Buhara döwlet uniwersitetinde geçirilen ekologiýa, durmuş we korporatiw dolandyryş (ESG) boýunça halkara seminara gatnaşdylar.

Seminar ekologiýa meselelerini jemgyýetçilik zerurlyklary we Merkezi Aziýanyň bilim maksatnamalarynda netijeli dolandyryş ýörelgeleri bilen utgaşdyrmaga gönükdirilen Erasmus+ ESGCA taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu çäre mugallymlary, işewürlik ulgamynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirip, tejribe alyşmaga hem-de durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.

Maslahata gatnaşyjylar durmuş faktorlaryň durnukly ösüşe, inklýuziwlige, zähmet hukuklaryna, deňlige, «ýaşyl geçişe» we korporatiw dolandyryşa täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Maksatnamanyň çäginde umumy sapaklar, amaly sapaklar, pikir alyşmalar hem-de «tegelek stol» mejlisi geçirildi. Ol ýerde ESG we durnukly ösüş boýunça bilim maksatnamalaryny döretmegiň hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň usullary boýunça pikirler alyşyldy.

Seminarda ekologiýa, durmuş we ykdysady ugurlaryň utgaşdyrylmagyna, tebigaty goramak, serişdeleri rejeli peýdalanmak we durnukly dolandyryş usullaryny ösdürmek üçin hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Italiýadan, Rumyniýadan, Slowakiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen mugallymlar öňdebaryjy tejribeleri bilen paýlaşdylar, ekologiýa sertifikasiýa we zyňyndylary azaltmagyň innowasion usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu seminar ESGCA taslamasynyň üç tapgyrynyň ikinjisi bolup, üçünji seminar dekabr aýynda Duşenbede geçirilip, korporatiw dolandyryş we töwekgelçilikleri dolandyrmak meselelerine bagyşlanar.

2021–2027-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçirilýän ESGCA taslamasy Merkezi Aziýanyň bilim maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem durnukly ösüş, ekologiýa we durmuş dolandyryş ugurlarynda geljekki hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026