HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Çernogoriýa 2028-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň 28-nji agzasy bolmaga taýýarlanýar

Oktýabr 16, 2025 | 11:15 |15165
Balkan sebitinde ýerleşýän, türkiýeli syýahatçylaryň arasynda meşhur we wizasyz syýahat edip bolýan Çernogoriýa döwleti häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine goşulmak boýunça gepleşikleriň jemleýji tapgyryndadyr.Balkan sebitinde ýerleşýän, türkiýeli syýahatçylaryň arasynda meşhur we wizasyz syýahat edip bolýan Çernogoriýa döwleti häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine goşulmak boýunça gepleşikleriň jemleýji tapgyryndadyr.
Çeşme: ntv.com.tr

Balkan sebitinde ýerleşýän, türkiýeli syýahatçylaryň arasynda meşhur we wizasyz syýahat edip bolýan Çernogoriýa döwleti häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine goşulmak boýunça gepleşikleriň jemleýji tapgyryndadyr.

Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Çernogoriýanyň premýer-ministri Milojko Spaýiç bilen geçiren duşuşygyndan soň, ýurduň durnukly ösüş gazanýandygyny we 2028-nji ýyla çenli ÝB-na goşulyp biljekdigini belledi.

Ýewropa komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ýurt gepleşikleriň dört bölümine degişli işleri üstünlikli tamamlady we ýylyň ahyryna çenli ýene bäşini ýapmagy meýilleşdirýär.

1

Çernogoriýa daşary syýasatyny we goranyş ulgamyny doly ýagdaýda Ýewropa Bileleşigi bilen utgaşdyrýar hem-de ÝB-nyň missiýalaryna gatnaşýar. Günbatar Balkan ýurtlary üçin niýetlenen Ösüş meýilnamasynyň çäklerinde ÝB Çernogoriýa 8 million ýewro möçberinde maliýe goldawy berer. Mundan başga-da, ýurt Ýewropa töleg ulgamynyň bitewi zolagyna (SEPA) goşuldy, bu bolsa Çernogoriýa bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky maliýe geçirimlerini has çalt we komissiýasyz amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.

Geljek ýylyň başyndan Çernogoriýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky rouming tölegleri hem ýatyrylar. Bu ädim ykdysady, syýahatçylyk we medeni gatnaşyklary güýçlendirmäge gönükdirilendir.

2

Çernogoriýanyň hökümeti ähli zerur özgertmeleri tamamlap, 2028-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşigine doly agza bolmagy, şeýle hem ýaşyl we sanly ösüş ugruny dowam etdirmäni maksat edinýär.

Çernogoriýa Türkiýäniň raýatlarynyň iň köp baryp görýän ýurtlarynyň biri bolup galýar. Iki ýurduň arasynda wizasyz düzgün hereket edýär, bu bolsa raýatlara her alty aýda 90 güne çenli biri-biriniň çäginde bolmaga mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026