HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI ChatGPT-ni giňeldýär: indi ulanyjylar biri-biri bilen aragatnaşyk saklap bilerler

Oktýabr 16, 2025 | 09:55 |15308
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň mümkinçiliklerini giňeldip, ony diňe bir söhbetdeşlik boty däl-de, doly aragatnaşyk platformasyna öwürmäge taýynlanýar.OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň mümkinçiliklerini giňeldip, ony diňe bir söhbetdeşlik boty däl-de, doly aragatnaşyk platformasyna öwürmäge taýynlanýar.
Çeşme: AI tools

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň mümkinçiliklerini giňeldip, ony diňe bir söhbetdeşlik boty däl-de, doly aragatnaşyk platformasyna öwürmäge taýynlanýar. Android ulgamy üçin niýetlenen programmanyň täze görnüşinde «Calpico» atly täze funksiýa ýüze çykaryldy. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar şahsy hat alyşyp bilerler we toparlaýyn söhbetdeşlikleri döretmek mümkinçiligine eýe bolarlar.

Işläp taýýarlaýjylaryň maglumatlaryna görä, «Calpico» ulanyjylara biri-biri bilen ýa-da toparlaýyn aragatnaşyk saklamaga, emeli aňy wirtual kömekçi hökmünde söhbetdeşlige goşmaga, profil döretmäge, ulanyjy adyny bellemäge, bildirişler almaga we kontaktlary dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş mümkinçilikler häzirki wagtda OpenAI-nyň iOS programmasynda hem synagdan geçirýär. Bu bolsa kompaniýanyň sosial mümkinçilikleri ähli platformalara ornaşdyrmak meýilnamasyny tassyklaýar.

Şol bir wagtyň özünde, bilermenler täze aýratynlygyň howpsuzlygy bilen bagly käbir soraglaryň galýandygyny belleýärler. OpenAI mundan ozal ulanyjylaryň maglumatlarynyň modelleri öwretmekde ulanylyp bilinjekdigini aýdypdy. Eger şahsy söhbetdeşlikler uçdan-ujy şifrleme arkaly goralmasa, olaryň gizlinlik derejesi WhatsApp ýa-da Signal ýaly programmalar bilen deň bolmaz.

OpenAI ChatGPT ekoulgamyny işjeň ösdürýär. Kompaniýa öň Apps SDK atly goşundylar dükanyny, awtonom agentleri we Sora 2 wideo platformasyny işe girizipdi. Täze «Calpico» funksiýasy bolsa ChatGPT-ni pikir alyşmak we aragatnaşyk üçin umumy platforma öwürmegiň nobatdaky ädimi bolup biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026