Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Bolgariýa ýewro pul birligine geçmek üçin doly taýýar

Oktýabr 16, 2025 | 09:35 |14070
Bolgariýa 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna meýilleşdirilen euro pul birligine geçmek boýunça ähli tehniki taýýarlyklaryny tamamlady.Bolgariýa 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna meýilleşdirilen euro pul birligine geçmek boýunça ähli tehniki taýýarlyklaryny tamamlady.
Çeşme: depositphotos.com

Bolgariýa 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna meýilleşdirilen euro pul birligine geçmek boýunça ähli tehniki taýýarlyklaryny tamamlady. Bolgariýanyň gümrük gullugy, ähli maglumat ulgamlarynyň ornaşdyrylyp, täze walýuta bilen işlemäge doly taýýardygy barada habar berdi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, Bolgariýanyň awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň (BACIS) esasy modullarynyň täzelenen görnüşleri— «SUA», «Soraglar», «Yzyna gaýtarmalar» we «Soňraky gözegçilik» — önümçilik gurşawyna üstünlikli ornaşdyryldy. Şol gün «ZADS çägindäki Soraglar» atly täze modul (wersiýa 0.0.4) hem Milli euro pul birligine geçiş meýilnamasyna laýyklykda integrirlenildi.

Geçişe taýýarlyk döwründe jemi 20-den gowrak maglumat ulgamy dolulygyna ýa-da bölekleýin täzelendi. Gümrük gullugy, ýurduň iň sanlylaşdyrylan döwlet edaralarynyň biri bolup galýandygyny nygtady: dolandyryş işleriniň 95%-den gowragy elektron görnüşde ýerine ýetirilýär. Ähli gümrük deklarasiýalary we gümrük hem-de aksiz tölegleri bilen bagly esasy amallar doly sanly görnüşde amala aşyrylýar.

Edaranyň maglumatlaryna görä, ýewro pul birligine geçmek işewürlik ulgamynyň işine täsir etmez. Ykdysady operatorlar häzirki elektron portal arkaly deklarasiýalaryny bar bolan tehniki talaplara laýyklykda tabşyrmagy dowam etdirip bilerler. Ulgam Bolgariýanyň milli banky tarapyndan kesgitlenen ähli walýutalary, şol sanda lewa bilen ýewronyň arasyndaky kesgitli ýagdaýyny hem goldamagyny dowam etdirer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026