HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

EXPO 2025 tamamlandy: Türkmenistan dünýä sergi meýdançasynda halkara gatnaşygyny pugtalandyrdy

Oktýabr 14, 2025 | 08:05 |15503
13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde EXPO 2025 Bütindünýä sergisi öz işini tamamlady. Belli türkmen kompaniýasy tarapyndan gurlan Türkmenistanyň milli pawilýony serginiň iň köp barylan desgalarynyň biri boldy — oňa 2 milliondan gowrak adam baryp gördi.13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde EXPO 2025 Bütindünýä sergisi öz işini tamamlady. Belli türkmen kompaniýasy tarapyndan gurlan Türkmenistanyň milli pawilýony serginiň iň köp barylan desgalarynyň biri boldy — oňa 2 milliondan gowrak adam baryp gördi.
Çeşme: EXPO-2025

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde EXPO 2025 Bütindünýä sergisi öz işini tamamlady. Belli türkmen kompaniýasy tarapyndan gurlan Türkmenistanyň milli pawilýony serginiň iň köp barylan desgalarynyň biri boldy — oňa 2 milliondan gowrak adam baryp gördi.

Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň medeniýet, ylym, ekologiýa we durnukly ösüş ugurlaryndaky gazananlary görkezildi. Serginiň ekspozisiýalary myhmanlary milli däp-dessurlar, tebigy baýlyklar we häzirki zaman innowasion taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Pawilýonyň binagärlik çözgüdi ýurdumyzyň durnukly ösüş ugruna ygrarlylygyny görkezdi. Üçburçlyk görnüşde gurlan bina täzelenmäni we ýaşaýşyň dowamatlylygyny aňlatdy, onuň gümmezi bolsa türkmen milli nagyşlaryndan bolan gülýakadan ylham alnan görnüşde ýerine ýetirildi. Desganyň daşky keşbi Garagum çölüniň tebigy giňişliklerini ýada saldy.

EXPO 2025 sergisi 13-nji aprelden 13-nji oktýabra çenli Osakanyň aýlagyndaky Ýumeşima emeli adasynda geçirildi. Bu çäre Merkezi Aziýa sebitinde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly itergi berdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026