HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fergana parahatçylyk forumy: Türkmenistanly bilermenler durnuklylyk we ösüş strategiýasynyň işlenip düzülmegine gatnaşýarlar

Oktýabr 15, 2025 | 10:00 |29660
15-nji oktýabrda Fergana parahatçylyk forumynyň “Fergana jülgesi: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna tagallalara goşulyşmak” atly birinji mejlisiniň açylyşy boldy. Oňa gatnaşan wekilýetleriň arasynda – Türkmenistandan hem bilermenler bar15-nji oktýabrda Fergana parahatçylyk forumynyň “Fergana jülgesi: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna tagallalara goşulyşmak” atly birinji mejlisiniň açylyşy boldy. Oňa gatnaşan wekilýetleriň arasynda – Türkmenistandan hem bilermenler bar
Çeşme: orient.tm

15-nji oktýabrda Fergana parahatçylyk forumynyň “Fergana jülgesi: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna tagallalara goşulyşmak” atly birinji mejlisiniň açylyşy boldy. Oňa gatnaşan wekilýetleriň arasynda – Türkmenistandan hem bilermenler bar.

15102025-fergana-forum-mira-turkmenistan.jpg

Forum, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty bilen bilelikde Ösüş özgertmeleri merkezi, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG), Halkara suw serişdelerini dolandyryş instituty we Parahatçylygy dörediji merkezi, parahatçylygy gurmak we jemgyýetçilik agzybirligi bilen meşgullanýan abraýly halkara guramalary birleşdirýän meýdança tarapyndan gurnaldy.

uzbekistan-fergana-forum-mira-turkmenistan (11).jpg

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, GDA-dan, Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan 300-den gowrak adam gatnaşdy. Hormatly myhmanlaryň arasynda – UNRCCA-nyň ýolbaçysy Kaha Imnadze, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs, ÝHHG-niň gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça merkeziniň direktory Keýt Firon, CICA-nyň Baş sekretary Kaýrat Sarybaý, ŞHG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Han Sohaýl we BMG-niň Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky we Özbegistandaky Hemişelik utgaşdyryjylary bar.

uzbekistan-fergana-forum-mira-turkmenistan (6).jpg

Raýat jemgyýetiniň wekilleri, ýaşlar, zenanlar bileleşigi we bilermen-akademiki toparlar, şeýle hem Germaniýanyň Berghof Gaznasy, Finlýandiýanyň M.Ahtisaari adyndaky Parahatçylyk gaznasy, Şweýsariýanyň PisNeksus Gaznasy we Stokgolm halkara parahatçylyk ylmy-barlag instituty ýaly parahatçylygy döretmek ugrundaky öňdebaryjy halkara guramalary gatnaşýarlar.

Forumyň esasy maksady – dialogy, birek-birege ynamy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Fergana jülgesi üçin umumy ösüş strategiýasyny ösdürmek üçin hemişelik meýdançany döretmekden ybaratdyr.

uzbekistan-fergana-forum-mira-turkmenistan (26).jpg

Gün tertibinde – Fergana jülgesiniň uzakmöhletleýin we durnukly ösüşini üpjün etmek, ykdysady mümkinçiligini açmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, hususy pudagyň, ýaşlaryň we raýat jemgyýetiniň ornuny giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak.

uzbekistan-fergana-forum-mira-turkmenistan (5).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Hytaýly matematikler Den Ýuý we Wan Hun ilkinji gezek Filds baýragyna mynasyp boldular

Hytaýly matematikler Den Ýuý we Wan Hun ilkinji gezek Filds baýragyna mynasyp boldular

21:00 Iýul 25, 2026
Gyrgyzystanda ŞHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Gyrgyzystanda ŞHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

20:00 Iýul 25, 2026