HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ärdogan Türkiýede türki dilli daşary ýurtly raýatlar üçin iş düzgünlerini üýtgetdi

Oktýabr 15, 2025 | 08:00 |24057
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türki döwletleriniň raýatlarynyň zähmet bilen meşgullanmak tertibini üýtgedýän karara gol çekdi. Resminama 10-njy oktýabrda resmi neşir bolan Resmî Gazete-de çap edildiTürkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türki döwletleriniň raýatlarynyň zähmet bilen meşgullanmak tertibini üýtgedýän karara gol çekdi. Resminama 10-njy oktýabrda resmi neşir bolan Resmî Gazete-de çap edildi
Çeşme: trtrussian.com

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türki döwletleriniň raýatlarynyň zähmet bilen meşgullanmak tertibini üýtgedýän karara gol çekdi. Resminama 10-njy oktýabrda resmi neşir bolan Resmî Gazete-de çap edildi.

Prezidentiň karary boýunça daşary ýurtly etniki türki halklaryna Türkiýäniň raýatlary bilen deň derejede hünär we senetçilik bilen meşgullanmak hukugy berilýär diýip, "TRT Russian" ýazýar.

Girizilen üýtgetmeler 1981-nji ýyldan bäri hereket eden türki dilli daşary ýurtlylaryň döwlet we hususy edaralarda işlemegini kadalaşdyrýan kanunyň käbir maddalaryna degişlidir. Esasy üýtgeşme şundan ybarat: Türkiýede işlemäge hukuk beriljek türki dilli jemgyýetleriň sanawyny indi Prezidentiň özi kesgitleýär.

Üýtgetmelerde bellenmegine görä, ähli türki gelip çykyşly şahslar däl-de, diňe aşakdaky aýratynlyklara eýe bolan adamlar Türkiýede zähmet bilen meşgullanmaga hukukly bolar:

• öz raýatlyk ýurdunyň çäginde hünär ýa-da döredijilik işini özüne bagly bolmadyk sebäpler bilen amala aşyrmak mümkinçiligi bolmadyklar;

• dürli ýagdaýlar sebäpli Türkiýede ýaşamagy dowam etdirmäge mejbur bolanlar;

• öz ýurtlarynyň ilatynyň köpçüliginden etniki we medeni taýdan tapawutlanýanlar.

Işlemäge rugsat almak üçin ýokarda görkezilen toparlara degişli şahslar aşakdaky şertleri ýerine ýetirmelidirler:

• Türkiýede ýaşamaga rugsatnama almak;

• hünär derejesini we bilim derejesini türk häkimiýet edaralary tarapyndan ykrar edilen resminamalar bilen tassyklamak;

• howpsuzlyk sebäpli çäklendirmeleriň bolmazlygy;

• daşary ýurtlylar üçin ýörite hasaba alynmak;

• zerur bolan halatynda hünär birleşiginiň agzasy bolmak;

• Prezidentiň karary bilen türki gelip çykyşly jemgyýete degişlidigini tassyklamak.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026