HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Katar kitaphana işi hem-de mirasy sanlylaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar

Oktýabr 13, 2025 | 15:00 |14246
Oktýabr aýynyň 11-ne, Aşgabatda geçirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýewiň Kataryň döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huis bilen duşuşygy geçirildiOktýabr aýynyň 11-ne, Aşgabatda geçirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýewiň Kataryň döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huis bilen duşuşygy geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Oktýabr aýynyň 11-ne, Aşgabatda geçirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýewiň Kataryň döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huis bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen we katar halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we edebi gymmatlyklaryň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem, iki ýurduň hem maddy we ruhy mirasy gorap saklamak hem-de kitaphana işini ösdürmek boýunça alyp barýan möhüm işleri bellenip geçildi.

Üns Kataryň Milli kitaphanasynda aýawly saklanylýan türki dünýäsi we türkmen halky bilen bagly gymmatly neşirlere gönükdirildi.

Türkmen tarapy häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň üsti bilen ýokary okuw mekdepleriniň şol neşirlere elýeterliligini üpjün etmäge gyzyklanma bildirdi. Sanlylaşdyrmak we maglumat alyşmak teklibi Kataryň wekiliýeti tarapyndan gyzgyn goldanylyp, ol ýakyn hyzmatdaşlyga taýyndyklaryny tassyklady.

Taraplar, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen hyzmatdaşlygynyň Arap ýarymadasyndaky ýurtlaryň arasynda aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar medeni we taryhy mirasy goramak hem-de ösdürmek ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we berkitmek üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026