HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty THE 2026 reýtinge girizildi

Oktýabr 13, 2025 | 14:00 |14739
Oktýabr aýynyň 9-nda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (HGI DIM) akademiki ösüşinde möhüm sepgide ýetdiOktýabr aýynyň 9-nda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (HGI DIM) akademiki ösüşinde möhüm sepgide ýetdi
Çeşme: education.gov.tm

Oktýabr aýynyň 9-nda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (HGI DIM) akademiki ösüşinde möhüm sepgide ýetdi. Institut abraýly halkara derejeli Times Higher Education World University Rankings 2026 reýtingine “reporter” (habar beriji) resmi dereje bilen girizildi.

Bu üstünlik institutyň ýokary bilimiň halkara baha beriş standartlaryna laýyk gelmäge hakyky ymtylýandygyny hem-de dünýä derejesindäki bilim hyzmatdaşlygyna ygrarlylygyny tassyklaýar.

Times Higher Education (THE) dünýäde iň öňdebaryjy akademiki reýtingleriň biridir. Ol ýokary okuw mekdepleriniň netijeliligini bäş esasy ugur boýunça toplumlaýyn bahalandyrýar:

• Okatmak (okuw gurşawy).

• Ylmy barlaglar (möçber, girdeji we abraý).

• Bilimiň geçirilmegi (innowasiýalar).

• Halkara hyzmatdaşlygy (mugallymlar, talyplar we ylmy işleri).

Bu reýtinge girizilmegi, Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy kuwwatyny we akademiki mümkinçiliklerini halkara tejribelerine laýyklykda pugtalandyrmak ugrunda işjeň hereket edýändigini görkezýär. Institut dünýä bilim giňişligine integrasiýa ýolunda üstünlikli öňe barýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026
Senegalda Afrikanyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa çäresi açyldy

Senegalda Afrikanyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa çäresi açyldy

11:00 Noýabr 03, 2026
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026