HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň mugallymy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň okuwlaryna gatnaşýar

Oktýabr 10, 2025 | 17:00 |14350
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy «Söwda, ösüş we maliýe» atly tema boýunça geçirilýän okuwlarda Türkmenistanyň wekili hökmünde çykyş edýärHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy «Söwda, ösüş we maliýe» atly tema boýunça geçirilýän okuwlarda Türkmenistanyň wekili hökmünde çykyş edýär
Çeşme: education.gov.tm

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy «Söwda, ösüş we maliýe» atly tema boýunça geçirilýän okuwlarda Türkmenistanyň wekili hökmünde çykyş edýär. Bu okuwlar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw sapary» maksatnamasynyň çäginde geçirilýär we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir.

Okuwlar ABŞ-nyň tanymal bilermenleriniň çykyşlary bilen başlandy:

• Marta Pereýma (ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hünärmeni)

• Megan Simpson (Maksatnamanyň guramaçylyk komitetiniň menejeri)

• Metýu Grin (Amerikanyň Katolik uniwersitetiniň professory)

30-dan gowrak ýurtdan gatnaşyjylar öz çykyşlaryny edip, tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanyň wekili Abdal Hydyrow ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi barada giňişleýin gürrüň berdi we geljek üçin möhüm wezipeleri belläp geçdi.

Maksatnamanyň esasy wezipesi — halkara wekillerini ABŞ-nyň dünýä ýurtlary bilen söwda we maliýe gatnaşyklaryny ösdürmek ugrundaky işi bilen tanyşdyrmakdyr. Tejribe alyşmak gatnaşyjylara söwda, maliýe we ykdysady ösüş ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze ýollaryny tapmaga mümkinçilik berer.

Saparyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň wekilleri öňdebaryjy maliýe, halkara söwda we işewürlik institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirerler. Bu başlangyç gatnaşyklary pugtalandyrmak we öňdebaryjy tejribäni milli gurluşlara ornaşdyrmak üçin güýçli itergi bolup hyzmat edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026