HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilim diplomatiýasy: Türkmen ilçileriniň Gazagystanyň we Malaýziýanyň ýaşlary bilen geçiren duşuşyklary

Oktýabr 10, 2025 | 03:33 |13341
8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Astanadaky we Kuala-Lumpurdaky diplomatik wekilhanalary ýaşlaryň arasynda akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de hemişelik bitaraplyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini wagyz etmek maksadynda gönükdirilen çäreleri geçirdiler8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Astanadaky we Kuala-Lumpurdaky diplomatik wekilhanalary ýaşlaryň arasynda akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de hemişelik bitaraplyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini wagyz etmek maksadynda gönükdirilen çäreleri geçirdiler
Çeşme: mfa.gov.tm

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Astanadaky we Kuala-Lumpurdaky diplomatik wekilhanalary ýaşlaryň arasynda akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de hemişelik bitaraplyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini wagyz etmek maksadynda gönükdirilen çäreleri geçirdiler.

Gazagystan: L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli Uniwersitetinde umumy sapak

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli Uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň we türkmen talyplarynyň öňünde umumy sapak bilen çykyş etdi.

turkmenskiye-posly (1).jpg

Ilçi çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryna garady, jemgyýetçilik, ykdysady we ylym-bilim ulgamlaryndaky möhüm özgertmeler, döwlet ösüşine bagyşlanan Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda beýan eden ileri tutýan ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ilçi 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň taýýarlyk işleriniň möhüm ähmiýetini belläp geçdi. Umumy sapakdan soňra Ilçi aýratyn tapawutlanan talyplara minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy, şeýle hem uniwersitetiň kitaphanasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyny sowgat hökmünde berdi.

turkmenskiye-posly (4).jpg

L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli Uniwersitetiniň rektory Ýerlan Sydykow bilen geçirilen duşuşykda akademiki alyş-çalyş meseleleri hem-de bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Rektor Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyny gutlap, bu syýasatyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagdaky möhüm ornuny belledi.

turkmenskiye-posly (7).jpg

Malaýziýa: Sanweý Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda Sanweý Uniwersitetiniň akademiki jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Söwda mekdebiniň dekany, hormatly professor Lim Weng Mark duşuşygyň guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de uniwersitetde okaýan türkmen talyplarynyň (250-den gowrak) sanynyň barha artýandygyny, muny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy maksat edinýändiklerini nygtady. Ilçi türkmen talyplaryna berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi.

turkmenskiye-posly (5).jpg

Duşuşyk Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde alyp barylýan işleriň Konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn meýdança boldy. Şunuň bilen baglylykda, dekabr aýynda Aşgabat şäherinde uly halkara forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

turkmenskiye-posly (6).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026